bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Thessalonians 1
2 Thessalonians 1
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 2 →
1
Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!
2
Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy size ýar bolsun!
3
Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.
4
Biz Hudaýyň ýygnaklarynyň arasynda siz babatda magtanýarys. Sebäbi siz yzarlanyp, görgi baryny görseňiz-de, imanda berk durup, olaryň ählisine çydaýarsyňyz.
5
Hudaýyň adalaty şu görýän görgüleriňiz arkaly aýan bolar: siz Hudaýyň Şalygyna mynasyp saýylarsyňyz, sebäbi siz şonuň ugrunda görgi görýäňiz ahyryn.
6
Hudaý adalatlydyr. Ol size jebir çekdirýänlere jebir berer,
7
[7-8] emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.
9
Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.
10
Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.
11
Şoňa görä-de, biz elmydama siziň üçin doga-dilegler edýäris: goý, Hudaý sizi Öz çagyryşyna mynasyp saýsyn; goý, ähli ýagşy niýetleriňizi we imanyňyzyň gönükdiren her bir işini Hudaý Öz gudraty bilen amala aşyrsyn.
12
Biz Hudaýymyzyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetine görä, siziň Rebbi şöhratlandyrmagyňyz üçin, Onuň-da sizi şöhratlandyrmagy üçin şu doga-dilegleri edýäris.
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3