bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Thessalonians 2
2 Thessalonians 2
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 3 →
1
Indi bolsa, eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň ýanyna üýşmegimiz babatda şulary aýdyňlaşdyrmakçy:
2
« Rebbiň güni golaýlady» diýip aýdýan haýsydyr bir habar, pygamberlik ýa-da hat bizden ýaly bolup görünse-de, şolar sebäpli haýdan-haý aljyramaň, galpylda düşmäň.
3
Özüňizi hiç kime hiç ýol bilen aldatmaň. Çünki köpler Hudaýa garşy baş galdyrar we ýok edilmeli bikanun adam peýda bolar. Ýöne bu zatlar amala aşýança, Rebbiň güni gelmez.
4
Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.
5
Men heniz ýanyňyzdakam bulary aýdanym, elbetde, ýadyňyzdadyr.
6
[6-7] Bu bikanun adam Hudaýyň bellän wagtynda peýda bolar. Bikanunlyk eýýäm assyrynlyk bilen hereket etse-de, bikanun adamyň peýda bolmagy bökdelýär. Munuň sebäbini özüňiz bilýänsiňiz. Hawa, bikanun adamy bökdeýän biri bardyr. Ol aradan aýrylansoň,
8
bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder.
9
Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer.
10
Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler.
11
Şonuň üçin-de Hudaý olary aldaýan bir güýje tabşyrýar. Olar-da bu aldawa ynanýarlar.
12
Ol muny hakykata ynanman, ýamanlykdan keýp alanlaryň baryny höküm etmek üçin edýär.
13
Eý, Reb tarapdan söýülýän doganlar! Siz halas bolup bileriňiz ýaly, Hudaý sizi ilkinjiler hökmünde saýlady. Siz Mukaddes Ruh arkaly päklenip, hakykata bolan imanyňyz arkaly halas bolduňyz. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris.
14
Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna şärik bolup bileriňiz ýaly, wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi bulara çagyrdy.
15
Şoňa görä-de, eý, doganlar, indi imanda berk duruň! Bizden söz ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza berk ýapyşyň.
16
[16-17] Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 3 →
All chapters:
1
2
3