bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Judges 12
Judges 12
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 13 →
1
Efraýymlar uruşmak üçin bir ýere ýygnandylar we Iordan derýasyndan geçip, Safona geldiler. Olar Ýeftaha: «Sen näme üçin ammonlar bilen uruşmaga gideniňde bizi çagyryp, özüň bilen alyp gitmediň? Biz seniň özüň bilen bilelikde öýüňi otlarys» diýdiler.
2
Ýeftah olara şeýle diýdi: «Meniň we meniň adamlarymyň ammonlar bilen bir uly dawamyz bardy. Men sizi kömege çagyrdym, emma siz gelip, meni olaryň elinden gutarmadyňyz.
3
Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlaryň üstüne gitdim. Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?»
4
Ýeftah Gilgadyň ähli erkeklerini çagyrdy-da, efraýymlar bilen uruşdy. Gilgatlylar efraýymlary gyrdylar, sebäbi efraýymlar olara: «Eý, efraýym we manaşa halklarynyň arasynda ýaşaýan gilgatlylar! Siz Efraýymdan gaçan dönüklersiňiz!» diýipdiler.
5
Gilgatlylar efraýymlaryň elinden Iordan derýasynyň güzerini aldylar. Diri galan efraýymlardan biri: «Iordan derýasyndan geçmäge rugsat edäýiň» diýse, Gilgadyň adamlary: «Sen efraýymly dälmi?» diýip sorardylar. Eger ol «Ýok» diýip jogap berse,
6
olar oňa: «Hany, „şibbolet“ diýip aýt» diýerdiler. Şonda ol «sibbolet» diýäýse, onda ony Iordan derýasynyň güzerinde öldürerdiler. Çünki efraýymlar «ş» sesini aýdyp bilmeýändikleri üçin, oňa derek «s» sesini aýdýardylar. Şeýdip, gilgatlylaryň elinden kyrk iki müň efraýymly öldi.
7
Ýeftah Ysraýylda alty ýyllap serdar boldy. Ol aradan çykanda, ony öz Gilgat galasynda jaýladylar.
8
Ýeftah aradan çykandan soň, beýtullahamly Ybsan Ysraýylda serdar boldy.
9
Onuň otuz ogly we otuz gyzy bolup, gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykaryp, ogullaryny-da başga tirelerden öýerdi. Ol ýedi ýyl Ysraýylyň serdary boldy.
10
Ybsan aradan çykanda, ony Beýtullahamda jaýladylar.
11
Ondan soň zebulunly Elon Ysraýyla serdar bolup, ony on ýyllap dolandyrdy.
12
Elon aradan çykanda, ony Zebulundaky Aýalonda jaýladylar.
13
Ondan soň pirgatonly Hilleliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy.
14
Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy.
15
Hilleliň ogly Abdon aradan çykanda, ony Efraýymdaky amalekleriň ýaşaýan daglygynda, Pirgaton diýen ýerde jaýladylar.
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 13 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21