bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Judges 17
Judges 17
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 18 →
1
Efraýym daglygynda Mika diýen bir adam bardy.
2
Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: « Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.
3
Ol bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ejesine gaýtaryp berdi. Ejesi oňa: «Oglum, men seniň üçin bu kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatmakçy bolup, öz elim bilen Rebbe niýetledim, olary saňa berýärin» diýdi.
4
Ogly olary ejesine gaýtaryp berende, ejesi iki ýüz sany kümüş teňňäni aldy-da, kümüş ussasyna berip, şol kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatdyrdy; olar Mikanyň öýünde durdy.
5
Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi.
6
Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Her kim öz islänini edýärdi.
7
Ýahudanyň Beýtullaham galasynda bir ýigit ýaşaýardy. Ol lewi tiresindendi.
8
Ol ýaşamaga amatly bir ýer tapmak üçin Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan çykyp gitdi. Ol Efraýym daglygynda ýaşaýan Mikanyň öýüne geldi.
9
Mika ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip soranda, ol: «Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýärin, özüm hem lewilerdendirin; ýaşar ýaly ýer gözleýärin» diýdi.
10
Mika oňa: «Meniň öýümde galyber. Meniň geňeşçim hem ruhanym bolarsyň. Men seniň garnyňy doýraýyn, ýylda bir laý geýim-gejim hem-de on sany kümüş teňňe bereýin» diýdi.
11
Lewi ýigit Mikanyň öýünde galmaga razylyk berdi. Mika oňa öz ogly ýaly seretdi.
12
Mika lewi ýigidini ruhanyçylyga belledi, şeýdip, bu ýaş ýigit Mikanyň öýünde ýaşaberdi.
13
Mika: «Indi Rebbiň maňa ýagşylyk etjekdigini bilýärin, sebäbi lewi ýigidi meniň ruhanym boldy» diýdi.
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 18 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21