bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Lamentations 3
Lamentations 3
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 4 →
1
א [1] Hudaýyň gazap taýagyndan hasrat çeken adam men.
2
Ol meni idip, yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.
3
Ol bütin gün gaýta-gaýta garşyma elini galdyrdy. ב
4
Etimi, hamymy çüýretdi, süňklerimi döwüp taşlady.
5
Üstüme çozup, daşymy gabady, başyma hasrat hem dert saldy.
6
Bireýýäm ölenler kimin meni garaňkylykda ýaşatdy. ג
7
Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady, boýnuma agyr zynjyrlar saldy.
8
Perýat edip, kömege çagyranymda, Ol dilegime gulak salmady.
9
Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy, ýodalarymy egreltdi. ד
10
Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr.
11
Ýolumdan azaşdyryp parçalady, halys sandan çykardy.
12
Ol ýaýyny çekdi, meni okuna nyşan edindi. ה
13
Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi.
14
Men ähli halkyma gülki boldum, günuzyn olaryň aýdymy boldum.
15
Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi. ו
16
Çagyl bilen dişlerimi owratdy, kül içinde depip, dyza çökdürdi.
17
Meniň janym rahatlygy unutdy, şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.
18
Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm, Rebbe bolan ähli umydym öçdi». ז
19
Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!
20
Janym muny dyngysyz ýatlaýar, şonuň üçin ýüregim paralanýar.
21
Emma şuny ýatda saklaýan, şonda ýene-de umyt döreýär: ח
22
Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.
23
Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!
24
Janym diýýär: « Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn». ט
25
Reb Özüne bil baglaýanlara, Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.
26
Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr.
27
Adama boýuntyrygy ýaşlykdan götermek gowudyr. י
28
Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn, çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.
29
Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr.
30
Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun. כ
31
Çünki Taňry hiç wagt ömürlik terk etmez.
32
Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.
33
Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez. ל
34
Ýurduň ähli ýesirleri aýak astynda depelenende,
35
Beýik Hudaýyň huzurynda ynsan hukuklary kemsidilende,
36
dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir? מ
37
Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?
38
Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?
39
Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin? נ
40
Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.
41
Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.
42
Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň. ס
43
Kowaladyň bizi gazap bilen, rehimsizlik bilen öldürdiň.
44
Özüňi buluda bürediň, dilegler eşidilmesin diýip.
45
Bizi milletler arasynda syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň. פ
46
Ähli duşmanlarymyz bizi ýaňsyladylar.
47
Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy.
48
Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar. ע
49
[49-50] Reb gökden aşak nazar salýança, gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.
51
Şäherimdäki gyzlaryň halyna ýüregim gyýym-gyýymdyr. צ
52
Maňa nähak duşman bolanlar meni guş kimin awlap tutdular.
53
Diriligime çukura taşlap, üstümden daş okladylar.
54
Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim. ק
55
Çukuryň düýbünden Seni çagyrdym, ýa Reb.
56
«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň.
57
Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň. ר
58
Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň, ömrümi halas eden Sensiň.
59
Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň, meniň hakymy alyp ber.
60
Menden nähili öç alyşlaryny gördüň, garşyma guran dildüwşüklerini bildiň. ש
61
Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň, garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.
62
Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.
63
Ertirden agşama çenli men olaryň ýaňsy aýdymy boldum. ת
64
Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb!
65
Ýüreklerine howsala sal. Goý, näletiň olaryň üstünden insin!
66
Gazap bilen kowalap, gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 4 →
All chapters:
1
2
3
4
5