bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Lamentations 4
Lamentations 4
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 5 →
1
א [1] Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda. ב
2
Sionyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy! ג
3
Hatda şagallar-da emjek berip, öz balalaryny emdirýändir, emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin çagalaryna rehimsiz boldy. ד
4
Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär. ה
5
Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler. ו
6
Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr. ז
7
Onuň ýolbaşçylary gardan arassa, süýtden akdylar. Bedenleri merjenden gyzyl, daş sypatlary ýakut kimindi. ח
8
Indi ýüzleri kömürden gara, köçelerde tanalmaýarlar. Derileri süňklerine ýapyşyp, gury agaja döndüler. ט
9
Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy. י
10
Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy. כ
11
Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy. ל
12
Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar. מ
13
Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler. נ
14
Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady. ס
15
Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar! Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi. Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular. Milletler arasynda olara şeýle diýildi: «Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!» פ
16
Rebbiň Özi olary dargatdy, Reb indi olara nazar salmaz. Ruhanylaryna hormat goýulmaz, ýaşulularyna rehim edilmez. ע
17
Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik. צ
18
Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi. ק
19
Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyldamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar. ר
20
Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik. ש
21
Eý, Us ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda. ת
22
Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 5 →
All chapters:
1
2
3
4
5