bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Numbers 27
Numbers 27
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 26
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 28 →
1
Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşanyň ýuwlugydy. Ol Manaşanyň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady.
2
Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup:
3
«Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady.
4
Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň» diýdiler.
5
Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi.
6
Reb Musa şeýle jogap berdi:
7
«Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir.
8
Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir.
9
Eger onuň gyzy hem bolmasa, onda onuň mülki doganlaryna berilsin.
10
Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin.
11
Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».
12
Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et.
13
Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň.
14
Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.)
15
Musa Rebbe:
16
«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.
17
Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.
18
Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.
19
Ony ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde durzup, olaryň gözüniň alnynda ony halka ýolbaşçy belle.
20
Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber.
21
Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».
22
Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy.
23
Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi.
← Chapter 26
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 28 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36