bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Numbers 7
Numbers 7
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 8 →
1
Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi.
2
[2-3] Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi — her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler.
4
Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
5
«Olaryň sadakalaryny kabul edip al, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edilýän işler üçin gerek bolar. Olary lewilere her biriniň bitirýän işlerine görä ber».
6
Musa arabalary we öküzleri getirip, lewilere berdi.
7
Ol edýän işlerine görä iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi.
8
Dört araba bilen sekiz öküzi bolsa edýän işlerine görä merarylara berdi. Olar ruhany Harunyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda işleýärdiler.
9
Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.
10
Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler.
11
Reb Musa: «Gurbanlyk sypasynyň bagyş edilişine her gün bir baştutan öz sadakalaryny hödür etsin» diýdi.
12
Birinji gün ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi.
13
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
14
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
15
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
16
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
17
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eminadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.
18
Ikinji gün ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netanel sadakalaryny hödür etdi.
19
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
20
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
21
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
22
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
23
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Sugaryň ogly Netaneliň sadakalarydy.
24
Üçünji gün zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýap sadakalaryny hödür etdi.
25
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy.
26
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
27
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
28
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
29
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Helonyň ogly Eliýabyň sadakalarydy.
30
Dördünji gün rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisur sadakalaryny hödür etdi.
31
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
32
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
33
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
34
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
35
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Şedeýuryň ogly Elisuryň sadakalarydy.
36
Bäşinji gün şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýel sadakalaryny hödür etdi.
37
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
38
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
39
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
40
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
41
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Suryşadaýyň ogly Şelumyýeliň sadakalarydy.
42
Altynjy gün gatlaryň baştutany Deguwalyň ogly Elýasap sadakalaryny hödür etdi.
43
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
44
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
45
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
46
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
47
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Deguwalyň ogly Elýasabyň sadakalarydy.
48
Ýedinji gün efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişama sadakalaryny hödür etdi.
49
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
50
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
51
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
52
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
53
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emihudyň ogly Elişamanyň sadakalarydy.
54
Sekizinji gün manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýel sadakalaryny hödür etdi.
55
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
56
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
57
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
58
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
59
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Pedahsuryň ogly Gamlyýeliň sadakalarydy.
60
Dokuzynjy gün benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydan sadakalaryny hödür etdi.
61
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
62
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
63
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
64
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
65
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Gidgonynyň ogly Abydanyň sadakalarydy.
66
Onunjy gün danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezer sadakalaryny hödür etdi.
67
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
68
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
69
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
70
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
71
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emişadaýyň ogly Ahygezeriň sadakalarydy.
72
On birinji gün aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýel sadakalaryny hödür etdi.
73
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
74
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
75
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
76
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
77
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Okranyň ogly Pagyýeliň sadakalarydy.
78
On ikinji gün naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahura sadakalaryny hödür etdi.
79
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
80
Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
81
Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
82
Günä gurbanlygy üçin bir teke.
83
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eýnanyň ogly Ahuranyň sadakalarydy.
84
Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam.
85
Her kümüş tabagyň agramy üç ýüz elli mysgaldy we her kümüş legeniň agramy ýüz elli mysgaldy. Ähli kümüş gaplaryň agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen alty müň mysgaldy.
86
Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy.
87
Ýakma gurbanlygy üçin ýanynyň galla sadakasy bilen bagyş edilen mallaryň sany on iki öküz, on iki goç, on iki birýaşar erkek tokly we günä gurbanlygy üçin on iki teke boldy.
88
Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküz, altmyş goç, altmyş teke we altmyş birýaşar erkek tokly boldy. Bular gurbanlyk sypasyna ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr.
89
Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 8 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36