bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Zechariah 4
Zechariah 4
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 5 →
1
Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy.
2
Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar.
3
Olaryň ýanynda iki sany zeýtun agajy bar. Olaryň biri ýag gabynyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda» diýip jogap berdim.
4
Men perişdeden: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym.
5
Meniň bilen gepleşen perişde: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim.
6
Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
7
Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».
8
Şeýle hem maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
9
«Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen — Zerubabyl bilersiň.
10
«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».
11
Men ol perişdeden: «Onda çyradanyň sagyndaky hem çepindäki iki düýp zeýtun agajy nämäni aňladýar?» diýip soradym.
12
Ondan ýene-de: «Iki altyn turbajygyň üsti bilen altyn reňkli ýag çykaryp duran zeýtun agajynyň iki şahasy nämäni aňladýar?» diýip soradym.
13
Ol menden: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim.
14
Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 5 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14