bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Zechariah 7
Zechariah 7
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 8 →
1
Darýuşyň şalygynyň dördünji ýylynyň dokuzynjy aýynyň, ýagny Kislew aýynyň dördüne Zakarýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.
2
Beýteliň halky bolsa Rebbe ýalbarmak üçin, Sareseri we Regemmelegi adamlary bilen bile iberipdi.
3
Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.
4
Şonda Hökmürowan Reb maňa şeýle diýdi:
5
«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?
6
Iýip-içeniňizde, diňe özüňiz üçin iýip-içmeýärsiňizmi?
7
Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol wagtlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».
8
Zakarýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
9
«Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;
10
dul aýala, ýetime, gelmişege ýa-da garyp-gasara sütem etmäň; biri-biriňize garşy pislik etmäň.
11
Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.
12
Hökmürowan Rebbiň Öz ruhy arkaly öňki pygamberleriň üsti bilen iberen kanundyr nesihatlaryny eşitmez ýaly, olar doňýürek boldular. Şol sebäpden Hökmürowan Rebbiň olara gaty gahary geldi.
13
Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14
Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 8 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14