bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Zechariah 5
Zechariah 5
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 6 →
1
Onsoň seredip durkam, uçup ýören bir ýazgyly kagyza gözüm düşdi.
2
Perişde maňa: «Näme görýäň?» diýdi. Men: «Bir kagyz-a uçup ýör; onuň boýy ýigrimi tirsek, ini on tirsek» diýip jogap berdim.
3
Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.
4
Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».
5
Soňra meniň bilen gepleşen perişde öňüme geçdi-de: «Ýokaryňa seret, şol gelýän zadyň nämedigini gör» diýdi.
6
Men: «Ol näme?» diýip soradym. Ol maňa: «Ol gelýän küýzedir. Bu tutuş ýurduň etmişidir » diýdi.
7
Soňra gurşun gapak ýokary göterildi: küýzäniň içinde bir aýal otyrdy.
8
Perişde: «Bu şerdir» diýdi. Aýaly küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy.
9
Soňra men seredip durkam, iki aýalyň gelýändigini gördüm. Olar şemala ganatlaryny ýaýyp, uçup gelýärdiler. Olaryň ganaty leglegiň ganaty ýalydy. Olar ýer bilen gögüň aralygynda küýzäni göterip äkitdiler.
10
Men perişdeden: «Olar küýzäni nirä alyp barýarlar?» diýip soradym.
11
Ol maňa: «Şingar ýurduna; şol ýerde oňa öý gurjaklar. Öý taýýar bolanda, olar küýzäni şonuň içinde öz ýerinde goýarlar» diýdi.
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 6 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14