bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Chronicles 10
1 Chronicles 10
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 11 →
1
Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.
2
Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler.
3
Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar.
4
Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.
5
Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap öldi.
6
Şeýdip, Şawul, onuň üç ogly — tutuş maşgala bir günde öldi.
7
Deredäki ähli ysraýyllar goşunyň gaçandygyny, Şawulyň we onuň ogullarynyň ölendigini görüp, öz galalaryny taşlap gaçdylar. Piliştliler gelip, galalary eýelediler.
8
Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagynda Şawul bilen onuň ogullaryny jesedini tapdylar.
9
Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler.
10
Şawulyň ýaragyny öz buthanalarynda goýdular, kellesini bolsa Dagonyň buthanasyndan asdylar.
11
Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,
12
onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.
13
Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.
14
Ol Rebden soramandy. Şonuň üçin hem Reb ony öldürdip, patyşalygyny Ýyşaýyň ogly Dawuda berdi.
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 11 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29