bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Chronicles 15
1 Chronicles 15
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 16 →
1
Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi.
2
Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.
3
Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady.
4
Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady:
5
Kohadyň kowmyndan ýüz ýigrimi sany dogany bilen olaryň baştutany Uryýel;
6
Merarynyň kowmyndan iki ýüz ýigrimi dogany bilen olaryň baştutany Asaýa;
7
Gerşomyň kowmyndan ýüz otuz dogany bilen olaryň baştutany Ýowel;
8
Elisapanyň kowmyndan iki ýüz dogany bilen olaryň baştutany Şemagýa;
9
Hebronyň kowmyndan segsen dogany bilen olaryň baştutany Eliýel;
10
Uzyýeliň kowmyndan ýüz on iki dogany bilen olaryň baştutany Eminadap.
11
[11-12] Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Eminadaby çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz lewileriň urugbaşylarysyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň.
13
Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».
14
Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler.
15
Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.
16
Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.
17
Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowmyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler.
18
Zakarýa, Ýagzyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Benaýa, Magaseýa, Matytýa, Elipelehu we Mikneýa olara kömekçi edip bellenildi; Obededom bilen Ýegiýel bolsa derwezebanlardy.
19
Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagy bürünç kimwallar,
20
Zakarýa, Azyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Magaseýa, Benaýa dagy alamot äheňinde arfa çalmalydylar.
21
Matytýa, Elipelehu, Mikneýa, Obededom, Ýegiýel hem-de Azazýa dagy bolsa şeminit äheňinde lirada sazy dowam etdirmelidiler.
22
Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy.
23
Berekýa bilen Elkana sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
24
Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
25
Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler.
26
Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere Hudaý ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler.
27
Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagy ýaly, Dawut hem nepis zygyr matadan tikilen don geýdi. Dawudyň egninde nepis zygyr mata efot hem bardy.
28
Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.
29
Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 16 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29