bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Chronicles 14
1 Chronicles 14
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 15 →
1
Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.
2
Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna onuň patyşalygyny beýgeldendigine göz ýetirdi.
3
Dawut Iýerusalimde birnäçe aýallar aldy we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
4
Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman,
5
Ýybhar, Elişuwa, Elipelet;
6
Noga, Nepek, Ýapyýa;
7
Elişama, Begelýada we Elipelet.
8
Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, olaryň garşysyna çykdy.
9
Piliştliler gelip, Rapa jülgesine çozupdylar.
10
«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi.
11
Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý -da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.
12
Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy.
13
Piliştliler şol jülgä ýene çozdular.
14
Dawut ýene Hudaýa ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Olaryň daşyndan aýlan-da, balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.
15
Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, hüjüme geç, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men — Hudaýyň seniň öňüňe düşdügidir».
16
Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.
17
Dawudyň at-abraýy bütin ýurtlara ýaýrady we Reb ähli milletleri ondan gorkar ýaly etdi.
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 15 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29