bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Chronicles 26
1 Chronicles 26
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 25
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 27 →
1
Derwezebanlaryň bölümleri şulardyr: koralardan Asafyň ogullaryndan bolan Koreniň ogly Meşelemýa.
2
Meşelemýanyň ogullary: nowbahar ogly Zakarýa, ikinjisi Ýedigaýel, üçünjisi Zebadýa, dördünjisi Ýatnyýel,
3
bäşinjisi Eýlam, altynjysy Ýehohanan, ýedinjisi Elýogeýnaý.
4
Obededomyň ogullary: nowbahar ogly Şemagýa, ikinjisi Ýehozabat, üçünjisi Ýowa, dördünjisi Sakar, bäşinjisi Netanel,
5
altynjysy Emiýel, ýedinjisi Ysakar, sekizinjisi Pegullataý. Obededomy Hudaý ýalkapdy.
6
Şemagýadan hem birnäçe ogul dünýä indi; başarjaň adamlar bolandyklary üçin, olar öz uruglaryna baş boldular.
7
Şemagýanyň ogullary: Otny, Repaýyl, Obet, Elzabat; olaryň doganlary Elihu bilen Semakýa hem başarjaň adamlardy.
8
Obededomyň ogullary, agtyklary hem-de olaryň doganlary hyzmat işine ökde altmyş iki adamdy.
9
Meşelemýanyň başarjaň ogullarydyr doganlary on sekiz adamdy.
10
Merary kowmyndan bolan Hosanyň ogullary: baştutan Şimri. Ol nowbahar ogul bolmasa-da, kakasy ony baştutan edipdi.
11
Ikinjisi Hilkiýa, üçünjisi Tebalýa, dördünjisi Zakarýa. Hosanyň ogullarynyň hem doganlarynyň jemi sany on üçdür.
12
Ine, kowumbaşylaryna görä derwezebanlaryň bölümleri şulardyr. Olar hem öz doganlary ýaly Rebbiň öýünde hyzmat etmäge borçludylar.
13
Olar öz kowumlaryna görä uly-kiçä deňlik edip, derwezeleri üçin bije atdylar.
14
Gündogar tarapdaky derweze Şelemýanyň bijesine düşdi. Onuň ogly parasatly geňeşçi Zakarýa üçin hem bije atyldy; onuň bijesine demirgazyk tarapdaky derweze düşdi.
15
Obededomyň bijesine günorta tarapdaky derweze, onuň ogullaryna bolsa ammar jaýy düşdi.
16
Şupym bilen Hosa ikisine günbatar tarapdaky, ýokary galýan ýoldaky Şalleket derwezesi düşdi. Garawulçylyk nobatma-nobat bellenendi.
17
Gündogar tarapdaky derwezede her gün alty lewi, demirgazyk hem günorta tarapdaky derwezeleriň hersinde her gün dört lewi durýardy, ammar jaýynda bolsa iki-ikiden durýardylar.
18
Günbatar tarapdaky howluda — ýolda dört adam, howly üçinem iki adam bellenendi.
19
Şular Kora hem-de Merary kowumlaryndan bolan derwezeban bölümleridi.
20
Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.
21
Gerşonyň ogly Ladanyň neslinden Ýehiýel başy boldy.
22
Ýehiýeli, onuň ogullary we doganlary Zetam bilen Ýowel Rebbiň öýüniň hazynalaryna garardylar.
23
Imramlaryň, ýisharlaryň, hebronlaryň, uzyýelleriň nesillerinden,
24
Musanyň ogly Gerşomyň neslinden Şebuwal hazynalaryň başlygydy.
25
Onuň Elgezer tarapdan garyndaşlary şulardyr: Eligezeriň ogly Rehabýa, Rehabýanyň ogly Işaýa, Ýeşagýanyň ogly Ýoram, Ýoramyň ogly Zikri, Zikriniň ogly Şelomyt.
26
Şelomyt bilen onuň garyndaşlary Dawut patyşa, urugbaşylar, ýüzbaşylardyr müňbaşylar hem-de beýleki goşunbaşylar tarapyndan bagyş edilen hazynalaryň baştutanlary boldular.
27
Rebbiň öýüni saklamak üçin, olar uruşlarda alnan oljalardan ol ýere sadakalar bererdiler.
28
Şeýle hem Şamuwel görgür, Kişiň ogly Şawulyň, Neriň ogly Abneriň, Seruýanyň ogly Ýowabyň bagyş eden zatlary, umuman, bagyş edilen zatlaryň ählisi Şelomyt bilen onuň garyndaşlarynyň gözegçiligi astyndady.
29
Ýisharyň nesillerinden Konanýa hem-de onuň ogullary Ysraýylyň jemgyýetçilik işlerine baştutanlar, kazylar hökmünde bellenipdiler.
30
Hebronyň nesillerinden Haşabýa hem-de onuň garyndaşlary — başarjaň adamlaryň bir müň ýedi ýüzüsi Iordanyň günbatarynda ýaşaýan ysraýyllaryň Rebbiň ähli hyzmatlaryna hem-de patyşanyň gullugyna bellenipdiler.
31
Ýeriýa hebronlaryň baştutanydy. Dawudyň patyşalygynyň kyrkynjy ýylynda olaryň nesil daragtlaryna seredildi. Şonda Gilgatdaky Ýazerde hebronlaryň arasyndan edermen adamlar tapyldy.
32
Olary hem-de olaryň garyndaşlaryny — jemi iki müň ýedi ýüz sany urugbaşylar bolan edermen adamy Dawut patyşa Hudaýyň hem-de patyşanyň işlerini etmek üçin rubenleriň, gatlaryň hem-de gündogardaky manaşa tiresiniň baştutany edip goýdy.
← Chapter 25
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 27 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29