bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Samuel 11
1 Samuel 11
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 10
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 12 →
1
Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler.
2
Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi oýup, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi.
3
Ýabeşiň ýaşululary oňa: «Bize ýedi gün puryja ber; Ysraýylyň ähli ýerine çaparlar göndereli. Eger ol ýerden bize kömek eder ýaly adam tapylmasa, onda biz siziň ygtyýaryňyzda» diýdiler.
4
Çaparlar Şawulyň ýaşaýan Gibga galasyna gelip, ýagdaýy halka habar berenlerinde, halk möňňürip aglady.
5
Hut şol mahal Şawul örüden öküzlerini alyp gelýärdi. Ol: «Näme boldy? Adamlar nämäniň ýasyny tutýarlar?» diýip sorady. Ýabeşden gelen çaparlaryň getiren habaryny oňa aýtdylar.
6
Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň Ruhy onuň kalbyny eýeledi. Şawulyň gaty gahary geldi.
7
Ol iki sany öküzi soýup, olaryň etini dogrady. Soňra «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, onuň-da öküzleriniň başyna şu öküzleriň güni geljekdir» diýen sözler bilen etleri çaparlar arkaly Ysraýylyň ähli ýerine iberdi. Onsoň halky Rebbiň haýbaty gurşap aldy, olar bir adam ýaly bolup ýygnandylar.
8
Şawul olary Bezege ýygnady. Ol ýere Ysraýyldan üç ýüz müň adam, Ýahudadan otuz müň adam toplandy.
9
Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler.
10
Ýabeşliler Nahaşa: «Ertir biz size boýun egeris, siz bize islän zadyňyzy edip bilersiňiz» diýip jogap berdiler.
11
Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.
12
Soňra adamlar Şamuwele: «„Şawulmy indi bize patyşa boljak“ diýenler kimler? Getiriň, biz olary öldürjek» diýdiler.
13
Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.
14
Soňra Şamuwel olara: «Ýörüň, Gilgala gideliň-de, ol ýerde Şawulyň şalygyny täzeden tassyklalyň» diýdi.
15
Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.
← Chapter 10
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 12 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31