bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Samuel 30
1 Samuel 30
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 31 →
1
Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.
2
Amalekler aýallary, ýaşu-garry diýmän ol ýerdäkileriň ählisini ýesir aldylar, ýöne hiç kimi öldürmän, ýanlary bilen alyp, öz ýollaryna gitdiler.
3
Dawut adamlary bilen gala gelende, olar onuň ýakyp-ýandyrylandygyny, aýallarydyr ogul-gyzlarynyň bolsa ýesir edilip äkidilendigini bildiler.
4
Dawut we onuň ýanyndakylar tä ysgyndan gaçýançalar möňňürip aglaşdylar.
5
Dawudyň iki aýaly, ýagny ýizregelli Ahynogam we karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyl hem ýesir edilip äkidilipdi.
6
Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.
7
Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.
8
Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi.
9
[9-10] Şunlukda, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bilelikde ýola düşdi. Olar Besor çaýyna geldiler. Gurbatdan düşen iki ýüz adam çaýdan geçip bilmän, şol ýerde galdylar. Emma Dawut dört ýüz adam bilen bile galtamanlary kowalamagyny dowam etdirdi.
11
Olar sähralykdan bir müsürlini tapdylar we Dawudyň ýanyna getirdiler; oňa iýmäge çörek, içmäge suw berdiler.
12
Olar oňa bir goşawuç injir kişde bilen iki goşawuç kişmiş-de berdiler. Ol bulary iýenden soň gurbuna geldi, çünki ol üç gije-gündizläp hiç zat iýip-içmändi.
13
«Kimiň adamy bolarsyň, nirelisiň?» diýip, Dawut ondan sorady. Ol: «Men bir müsürli ýigit, bir amalekliniň guly. Üç gün mundan öň ýaramadym, şonuň üçinem hojaýynym meni taşlap gitdi.
14
Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi.
15
Dawut oňa: «Meni şol galtamanlaryň ýanyna eltip bilermiň?» diýdi. Ol: «Eger meni öldürmejekdigiňe ýa-da hojaýynymyň eline bermejekdigiňe ant içseň äkideýin» diýdi.
16
Ol Dawudy galtamanlaryň ýanyna getirdi. Şol wagt olar iýip-içip, tans edip, çar tarapa ýaýrapdylar, çünki olar piliştlileriň hem ýahudalaryň ýurdundan örän köp olja alypdylar.
17
Dawut daň agarandan tä agşama çenli olary gyrdy. Düýeli gaçan dört ýüz ýigitden başga ýekeje adam-da onuň elinden gutulyp bilmedi.
18
Dawut amalekleriň alan zatlarynyň ählisini we iki aýalyny yzyna gaýdyp aldy.
19
Ownugu-iri zatlaryň ählisini, ogul-gyzlaryny, olja alnan zatlaryň baryny Dawut yzyna gaýtaryp getirdi; ähli zat ýerbe-ýerdi.
20
Dawut başga-da ownuk hem iri mal sürülerini ele saldy. Olary beýleki mallaryň öňünden sürüp: «Ine, bu Dawudyň oljasy» diýýärdiler.
21
Dawut ysgyndan gaçyp, özi bilen gidip bilmän, Besor çaýynda galan iki ýüz adamyň ýanyna geldi. Olar Dawudy hem onuň adamlaryny garşylamaga çykdylar. Golaýlaşanlarynda Dawut olara salam berdi.
22
Şonda Dawut bilen bile gelenleriň arasyndaky pis hem ýaramaz adamlar şeýle diýdiler: «Bizden galandyklary üçin, olar oljadan hiç zat almazlar. Olar diňe öz aýallary bilen çagalaryny alsynlar-da gidibersinler».
23
Emma Dawut olara şeýle diýdi: «Rebbiň beren zadyny beýle etmäliň, gardaşlarym. Reb bizi gorady we üstümize çozan garakçylary biziň elimize berdi.
24
Bu sözüňizi diňlän tapylarmyka? Söweşe giden bilen goşlaryň ýanynda galanyň paýy deň bolar; zatlar deň paýlaşylar».
25
Şol günden beýläk Dawut muny Ysraýyl üçin kanun we parz edip goýdy. Bu kanun şu güne çenli dowam edip gelýär.
26
Dawut Ziklaga gelip, «Ine, şu Rebbiň duşmanlaryndan alnan oljadan size sowgat» diýip, öz dostlary bolan ýahuda ýaşulularyna iberdi.
27
Şeýle hem ol Beýteldäki, Negep çölünde Ramotdaky, Ýatyrdaky,
28
Arogerdäki, Sipmotdaky, Eştemowadaky,
29
Rakaldaky, ýerahmeýelleriň galalaryndaky, keýnleriň galalaryndaky,
30
Hormadaky, Borgaşandaky, Atakdaky,
31
Hebrondaky öz adamlary bilen baran ýerleriniň ählisinde ýaşaýanlara olja alnan zatlardan iberdi.
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 31 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31