bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Samuel 31
1 Samuel 31
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
1
Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.
2
Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler.
3
Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar.
4
Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.
5
Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap, onuň bilen bile öldi.
6
Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler.
7
Ysraýylyň ýeňlip gaçandygyny, Şawulyň hem onuň ogullarynyň ölendigini görüp, jülgäniň beýleki tarapynda we Iordan derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan ysraýyllar öz galalaryny taşlap gaçdylar; piliştliler gelip, olary eýelediler.
8
Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagyndan Şawul bilen onuň üç oglunyň jesedini tapdylar.
9
Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler.
10
Şawulyň ýaragyny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşan galasynyň diwaryndan asyp goýdular.
11
Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,
12
onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar uzak gije ýörediler. Baryp, Şawulyň hem onuň ogullarynyň jesetlerini Beýtşan galasynyň diwaryndan aýyrdylar; Ýabeşe gelip, jesetleri şol ýerde ýakdylar.
13
Soňra olaryň süňklerini getirip, Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömdüler we ýedi günläp agyz beklediler.
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31