bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
1 Samuel 2
1 Samuel 2
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 3 →
1
Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: « Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.
2
Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.
3
Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.
4
Güýçlüleriň ýaýy döwüldi, ejizlere kuwwat geldi.
5
Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular, açlar bolsa doýdular. Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy, köp çagaly aýal perzentsiz galdy.
6
Öldürýänem Rebdir, direldýänem Rebdir. Ölüler dünýäsine inderýänem, çykarýanam Rebdir.
7
Gedaý goýýanam, baýadýanam Rebdir, peseldýänem, beýgeldýänem Rebdir.
8
Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.
9
Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.
10
Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».
11
Soňra Elkana öýüne — Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.
12
Eliýiň ogullary ruhanylar bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,
13
halkyň öňünde öz ruhanylyk borçlaryna biperwaý garaýardylar. Kimdir biri gurbanlyk berende, Eliýiň ogullarynyň hyzmatkäri eline üç dişli çarşak alyp gelerdi-de,
14
ony gazan bolsa gazana, piti bolsa pitä, taba bolsa taba, okara bolsa okara sokardy-da, çarşaga ilenini alyp, ruhana bererdi. Olar sadaka bermek üçin Şilo gelýän ysraýyllaryň ählisi babatynda şeýle edýärdiler.
15
Üstesine-de, gurbanlyk malyň ýagy heniz ýakylmanka, ruhanynyň hyzmatkäri sadaka berýäniň ýanyna baryp, oňa: «Ruhana gowurmalyk et ber. Ol seniň bişen etiňi näme etsin, oňa çig et gerek» diýerdi.
16
Eger kimdir biri: «Etiň ýagy ýanýança sabyr et, soň geregiň et bolsun» diýäýse, onda ol oňa: «Ýok, eti häzir ber, ýogsam zor bilen alaryn» diýerdi.
17
Şunlukda, Rebbiň huzurynda bularyň günäsi juda agyrdy. Sebäbi olar Rebbe niýetlenen sadakany hormatlamaýardylar, ony äsgermeýärdiler.
18
Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.
19
Ejesi onuň özüne laýyk edip don tikip, her ýyl adamsy bilen bile gurbanlyk bermäge gelende, ony Şamuwele bererdi.
20
Gaýtjak bolanlarynda: «Rebbiň hyzmatyna bagyş eden ogluňyň öwezini dolar ýaly, goý, Reb saňa şu aýaldan ýene zürýatlar bersin» diýip, Eliý Elkana hem-de onuň aýalyna ak pata bererdi. Soňra olar öýlerine dolanardylar.
21
Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.
22
Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi.
23
Ol ogullaryna şeýle diýdi: «Bu näme etdigiňiz boldy? Tutuş halk siziň ýaramaz işleriňiz hakynda gürrüň edýär.
24
Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl.
25
Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.
26
Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.
27
Bir gün bir pygamber Eliýä şeýle habar getirdi: «Hawa, Reb saňa şeýle diýýär: „Ata-babaň Harun we onuň maşgalasy Müsürde faraonyň gullary bolan wagtlary, Men Haruna Özümiň gudratymy görkezipdim.
28
Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim.
29
Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“
30
Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.
31
Şunlukda, siziň we siziň ata-babalaryňyzyň ganatyny gyrjak günlerim uzakda däl — sizden doglanlaryň hiç birine uzak ömür miýesser etmez.
32
Ysraýyla ediljek ýagşylyklara göripçilik bilen seredersiňiz. Siziň nesliňiz hiç wagt uzak ömür sürmez.
33
Araňyzda gurbanlyk sypamdan mahrum edilmedik diňe bir adamy diri galdyraryn; ol hem sizi aglamakdan gözleriňizi kör, bagryňyzy gan eder. Tutuş erkek nesliňiz juwanlykda öler.
34
Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş — olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar.
35
Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer.
36
Hawa, seniň aman galanlaryň: ‘Bir döwüm çörek taparym ýaly, maňa Öz ruhanylaryňyň arasyndan iş ber’ diýip, gara şaý ýa-da bir döwüm çörek üçin dyza çöküp, oňa ýalbararlar“».
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 3 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31