bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Deuteronomy 15
Deuteronomy 15
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 16 →
1
«Her ýedinji ýylyň ahyrynda özüňizden alnan karzlary geçiň.
2
Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi.
3
Keseki ýurtludan karzyňy sorap bilersiň, emma öz ysraýyllyňyň karzyny geç.
4
[4-5] Diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Siziň araňyzda mätäç bolmasyn.
6
Hudaýyňyz Reb söz berşi ýaly, size bereket berende, köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz karz almarsyňyz. Köp halklaryň üstünden siz hökümdarlyk sürersiňiz, emma olar siziň üstüňizden hökümdarlyk sürmezler.
7
Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň.
8
Onuň üçin eliňizi açyň, oňa näme gerek bolsa ýeterlikçe karz beriň.
9
Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl — karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.
10
Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer.
11
Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin».
12
«Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz.
13
Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz.
14
Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň.
15
Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.
16
Emma gul: „Men azatlyga çykjak däl, sebäbi men seni we hojalygyňy söýýärin we gün-güzeranym hem gowy“ diýse,
17
bir temen alyp, onuň gulagyny gapa diräp deşiň. Soňra ol siziň hemişelik guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň.
18
Gullaryňyzy azatlyga goýbereniňizde gynanmaň, sebäbi olar alty ýylyň içinde günlükçilik üçin alnan bahadan iki esse artyk hyzmat etdiler. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer».
19
«Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň.
20
Siz hojalygyňyz bilen bile olary her ýyl Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, Onuň saýlajak ýerinde iýersiňiz.
21
Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.
22
Keýigi ýa-da suguny iýişleri ýaly, ony ýaşaýan ýeriňizdäki haram adam hem, tämiz adam hem iýibersin.
23
Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň».
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 16 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34