bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Deuteronomy 22
Deuteronomy 22
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 23 →
1
«Biriniň azaşyp gelen öküzini ýa-da goýnuny görübem görmediksirän bolmaň. Ol mallary eýesine getirip beriň.
2
Eger eýesi sizden uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da ony tanamaýan bolsaňyz, mallary öýüňize getiriň. Eýesi idäp gelýänçä saklap, eýesi gelende olary berersiňiz.
3
Kimdir biriniň ýitiren eşegini, geýim-gejimini — ýitiren islendik zadyny tapanyňyzda hem şeýle ediň. Öz kömegiňizi gaýgyrmaň.
4
Biriniň eşeginiň ýa-da öküziniň ýolda ýykylyp ýatanyny görübem görmezlige salmaň. Ony aýaga galdyrmaga kömek ediň.
5
Aýal erkek geýimini, erkek hem aýal geýimini geýmeli däldir. Çünki munuň ýaly işler etmek Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejislikdir.
6
Eger agaçda ýa-da ýerde guşuň höwürtgesiniň üstünden gelseňiz we ene guş çagalary bilen, ýa-da ýumurtgalarynyň üstünde oturan bolsa, ene guşy çagalary bilen bile almaň.
7
Ene guş, goý, gitsin, onuň diňe çagalaryny alyň, şonda siz gowy günler görüp, ömrüňiz uzak bolar.
8
Täze jaý gursaňyz, jaýyň üçegi üçin germew tutuň, ýogsam biri ýykylar-da, öýüňizde nähak gan döküler.
9
Üzüm bagyňyzda iki hili ekin ekmäň, ýogsam eken ekiniňiz hem, üzümçiligiň hasyly hem Mukaddes öýe berler.
10
Öküz bilen eşegi bile goşup ýer sürmäň.
11
Ýüň we zygyr goşulyp dokalan geýimleri geýmäň.
12
Egniňize geýýän donuňyzyň burçlaryna gotaz tikiň».
13
«Bir adam bir gyza öýlenip, oňa ýanaşandan soň, ony halaman,
14
gyzy günäkärläp: „Men bu gyza öýlendim, ýöne onuň ýanyna girenimde, bu gyz çykmady“ diýip, oňa töhmet atsa,
15
gyzyň ata-enesi onuň päkligi hakyndaky subutnamany äkidip, derwezäniň agzynda galanyň ýaşulularyna görkezsin.
16
Gyzyň atasy ýaşululara: „Men gyzymy bu adama durmuşa çykardym, emma ol meniň gyzymy halaman,
17
‘Bu gyz çykmady’ diýip, nähak günäkärledi. Emma gyzymyň päkligini görkezýän subutnama, ine, şu ýerde“ diýsin. Soňra olar bu subutnama matany galanyň ýaşulularynyň öňünde ýazyp görkezsinler.
18
Galanyň ýaşululary ol adamy gamçy bilen jezalandyrsynlar.
19
Ýaşulular oňa iki ýüz elli mysgal kümüş jerime salyp, bu puly gyzyň atasyna bersinler, sebäbi ol adam Ysraýylyň päk gyzyna töhmet atdy. Ol gyz töhmet atan adamyň aýaly bolup galsyn. Ol adama ömürboýy ondan aýrylyşmaga rugsat berilmeýär.
20
Eger ol adamyň aýdanlary dogry bolup, ol gyzyň gyzlygy ýok bolsa,
21
ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde loluçylyk edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
22
Eger bir adamy başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutsaňyz, olaryň ikisini hem öldüriň. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.
23
Eger bir boý gyz birine adaglanan bolsa, başga bir adam galada bu gyza duşup, oňa ýanaşsa,
24
olaryň ikisini hem galanyň derwezesiniň ýanyna getirip, daşlap öldüriň. Bu gyz galada bolubam, kömek sorap gygyrmandygy üçin, ol adam bolsa öz ysraýyl doganynyň gelinligini zorlandygy üçin öldüriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
25
Emma ol adam adaglanan boý gyza çola ýerde duşup zorlan bolsa, onda diňe zorlan erkegi öldüriň.
26
Gyza bolsa hiç zat etmäň. Ol ölüm jezasyna laýyk jenaýat etmändir. Sebäbi bu ýagdaý edil biriniň üstüne topulyp, ony öldüren ýalydyr.
27
Çünki ol adam bu gyzy çola ýerde tapdy. Adaglanan gyz kömek sorap çagyryp gygyran hem bolsa, ol ýerde ony halas etmäge hiç kim bolmandyr.
28
Eger bir adam adaglanmadyk boý gyza duşsa, ony tutup, onuň bilen ýatsa we olar bu işiň üstünde tutulsalar,
29
gyza ýanaşan adam gyzyň atasyna ýüz on mysgal kümüş bersin. Ol gyz onuň aýaly bolar. Ol adam gyzy zorlandygy sebäpli, ömürboýy ondan aýrylyşmaga ygtyýar berilmeýär.
30
Ogly öz atasyny namysa goýup, onuň aýallaryndan aýal almasyn».
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 23 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34