bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Deuteronomy 21
Deuteronomy 21
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 22 →
1
«Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýurdunda kim tarapyndan öldürilendigi näbelli bir jeset meýdanda tapylsa,
2
ýaşulularyňyz we kazylaryňyz gidip, jesediň golaýyndaky galalara çenli bolan aralygy ölçesinler.
3
Jesediň golaýyndaky galanyň ýaşululary öň hiç işde ulanylmadyk, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir ýaşar göläni alsynlar.
4
Ýaşulular bu göläni heniz sürülmedik we ekilmedik ýere — akar suwuň boýuna getirip, onuň boýnuny omursynlar.
5
Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler.
6
Jesediň iň golaýyndaky galanyň ähli ýaşululary akar suwuň boýunda boýny omrulan ýaş göläniň üstünde ellerini ýuwsunlar.
7
Soňra olar şeýle sözleri jar çeksinler: „Bu gana biziň elimiz bulaşmady, kimiň edenini-de gözümiz bilen görmedik.
8
Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy — ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar.
9
Şeýdip, nähak dökülen ganyň günäsini öz araňyzdan aýryp, Rebbiň nazarynda dogry işleri edersiňiz».
10
«Duşmanlaryňyza garşy urşa çykanyňyzda, Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berse, siz hem olary ýesir alsaňyz
11
we ýesirleriň arasyndan bir owadan aýala göwnüňiz gidip, oňa öýlenmekçi bolsaňyz,
12
ony öýüňize alyp geliň. Ol aýal saçyny syrsyn we dyrnaklaryny alsyn.
13
Egnindäki ýesirlik geýimlerini çykaryp, seniň öýüňde tutuş bir aý oturyp, ene-atasynyň ýasyny tutsun. Şondan soň sen onuň ýanyna girip, onuň adamsy bolarsyň, ol hem seniň aýalyň bolar.
14
Emma soňrak ony halamasaň, sen ol aýaly boşatmalysyň. Sen onuň namysyna degendigiň üçin, ony gyrnak hökmünde satmaly dälsiň.
15
Bir adamyň iki aýaly bolup, birini halap, beýlekisini halamaýan bolsa, olaryň ikisi-de oňa ogul dogrup berse we halamaýan aýalynyň ogly onuň nowbahar ogly bolsa,
16
bir gün emlägini ogullaryna paýlanda, ol halamaýan aýalyndan bolan nowbahar oglunyň paýyny halaýan aýalynyň ogluna bermesin.
17
Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.
18
Eger biriniň hötjet, boýun egmezek, ata-enesine gulak asmaýan, olaryň terbiýesini almaýan ogly bar bolsa,
19
ata-enesi ony tutup, şol ýerdäki galanyň derwezesiniň golaýyna, ýaşulularyň ýanyna getirsin.
20
Olar galanyň ýaşulularyna: „Biziň bu oglumyz dikdüşdi we gyňyr. Ol bize boýun egenok. Ol açgöz hem içegen“ diýsinler.
21
Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.
22
Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz,
23
onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň».
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 22 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34