bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Deuteronomy 17
Deuteronomy 17
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 18 →
1
«Hudaýyňyz Rebbe ýetmezli, şikesli öküzi ýa-da goýny gurban etmäň. Çünki bu Hudaýyňyz Rebbe nejislikdir.
2
[2-3] Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin.
4
Bu hakda size habar berilse, siz ony derňäp, gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, şeýle nejis iş Ysraýylda edilen bolsa,
5
onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň.
6
Ölüme höküm edilen adamy iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen öldüriň. Diňe bir şaýadyň güwäsi bilen öldürmäň.
7
Ölüm höküm edileni ilki şaýatlar öz elleri bilen daşlasynlar, soňra ähli halk daşlap öldürsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň».
8
«Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň.
9
Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler.
10
Rebbiň saýlajak ýerindäki aýdylan çözgüt boýunça iş tutuň. Olaryň size beren görkezmeleriniň hemmesini yhlas bilen ýerine ýetiriň.
11
Olar size näme tabşyrsa, berjaý ediň, çykarylan höküm boýunça iş tutuň. Özüňize aýdylan çözgütden saga-da, çepe-de sowulmaň.
12
Kimde-kim Hudaýyňyz Rebbiň Özüne hyzmat etmek üçin bellän ruhanysyna ýa-da kazysyna tekepbirlik edip boýun egmese, ol adam ölüme höküm edilsin. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.
13
Bütin halk muny eşidip gorkar we mundan buýana hyýanatçylyk etmez».
14
«Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz.
15
Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň.
16
Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.
17
Ýüreginiň Rebden dönmezligi üçin, patyşa özüne köp aýal, şeýle hem, köp möçberde altyn-kümüş edinmesin.
18
Ol şalyk tagtynda oturanda, lewi ruhanylarynda saklanýan Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn.
19
Goý, ol bu Kanunyň göçürmesini ýanynda saklasyn we ony ömrüniň ähli günlerinde okasyn. Şonda ol öz Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer.
20
Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer».
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 18 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34