bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Joshua 12
Joshua 12
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 13 →
1
Ine, ysraýyllaryň ýeňip alan ýerleriniň hanlary şulardyr. Ysraýyllar Iordan derýasynyň aňyrsyndaky gündogar tarapa uzalyp gidýän Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli bolan ýerleri we tutuş Araba düzlüginiň gündogar tarapyny basyp aldylar.
2
Hanlaryň biri Heşbonda ýaşan amor hany Sihondy. Onuň hanlygy Gilgadyň ýarysy we Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky galadan tä ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasyna çenli aralygy öz içine alýardy.
3
Şeýle hem, ol Kinneret kölünden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan ýerlere, Araba düzlüginiň gündogarynda Beýtýeşimoda çenli barýan ýerlere we günbatarda Pisga dagynyň etegindäki ýerlere eýelik edýärdi.
4
Beýleki han Başan hany Ogdy. Ol Aştarotda we Edreýde ýaşap, rapalaryň iň soňkularynyň biridi.
5
Onuň hanlygyna Hermon dagy, Salka, bütin Başandan Geşuryň we Magakadyň araçäklerine çenli, Gilgadyň ýarysy, heşbon hany Sihonyň meýdanynyň araçägine çenli ýerler girýär.
6
Rebbiň guly Musa we ysraýyllar olaryň hemmesini basyp aldylar. Musa olaryň ähli ýerlerini rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň eýeçiligine berdi.
7
Ýeşuwa we ysraýyllar Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli hanlary, Liwan jülgesindäki Bagalgatdan Segir bilen ýanaşyk Halak dagyna çenli ýerleri basyp aldylar. Ýeşuwa ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça mülk edip paýlap berdi.
8
Daglykda, baýyrlykda, Araba düzlüginde, dag eteklerinde, çöllükde we Negep çölünde ýaşaýan hetleriň, amorlaryň, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýerlerini ysraýyllara mülk edip berdi.
9
Ine, Ýeşuwa we ysraýyllar şu galalaryň hanlaryny: Ýerihonyň, Beýteliň golaýyndaky Aýyň,
10
Iýerusalimiň, Hebronyň,
11
Ýarmudyň, Lakyşyň,
12
Eglonyň, Gezeriň,
13
Debiriň, Gederiň,
14
Hormanyň, Aradyň,
15
Libnanyň, Adullamyň,
16
Makedanyň, Beýteliň,
17
Tapuwanyň, Heperiň,
18
Apegiň, Laşaronyň,
19
Madonyň, Hasoryň,
20
Şimronmeronyň, Akşabyň,
21
Tagnagyň, Megidonyň,
22
Kedeşiň, Karmeldäki Ýoknegamyň,
23
Napotdoryň ýanyndaky Doruň, Jeliledäki Goýymyň we
24
Tirsanyň — jemi otuz bir hany basyp aldylar.
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 13 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24