bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Joshua 5
Joshua 5
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 6 →
1
Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.
2
Şol wagt Reb Ýeşuwa: «Çakmak daşyndan pyçaklar ýasa we öň ysraýyllaryň ata-babalarynyň sünnetlenişi ýaly, bulary hem sünnetle» diýdi.
3
Şeýlelikde, Ýeşuwa özüne aýdylyşy ýaly etdi we sünnet edilýän ýer Gibegat Haralot diýlip atlandyryldy.
4
Ýeşuwanyň ysraýyllary näme üçin sünnetländiginiň sebäbi şudur: Müsürden çykyp gaýdan, söweş ýaşyna ýeten ähli erkekler ýöriş edenlerinde ýolda, çölde öldüler.
5
Müsürden çykan şol erkekleriň hemmesi sünnetlenendi, emma soňra çölde doglan oglanlar sünnetlenmedikdiler.
6
Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.
7
Şol adamlaryň ogullary ösüp kemala geldi, emma olar sünnetlenmändiler, ine, şol sebäpli Ýeşuwa olary sünnetledi.
8
Halkyň ähli erkekleri sünnetlenenden soň tä gutulýançalar düşelgede galdylar.
9
Soňra Reb Ýeşuwa: «Bu gün Men sizden Müsür gulçulyk ryswasyny aýryp taşladym» diýdi. (Şol ýer häzirki güne çenli hem Gilgal diýlip atlandyrylýar).
10
Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.
11
Ertesi gün olar Kenganyň hasylyndan birinji gezek petir we gowurga iýdiler.
12
Olar bu ýurduň önümlerinden birinji gezek iýen gününiň ertesi mannanyň ýagmasy galdy. Ysraýyllar şondan soň manna ýaganyny görmediler. Olar şol ýyl Kengan ýurdunda bitýän iýmitlerden iýdiler.
13
Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady.
14
Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady.
15
Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi.
16
Şol wagty Ýerihonyň derwezeleri ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýardy. Hiç kim ol ýere girip-de, çykyp-da bilmeýärdi.
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 6 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24