bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Joshua 14
Joshua 14
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 15 →
1
Ysraýyllaryň Kenganda alan mülk ýerleri şulardyr. Ol ýerleri Elgazar ruhany, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylary olara mülk hökmünde paýlap berdiler.
2
Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar.
3
Sebäbi Musa iki tirä we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi.
4
Ýusubyň neslinden manaşa we efraýym tireleri gelip çykdy. Musa lewilere ýerden paý bermändi, olara ýaşamak üçin diňe galalary, maldarçylyk we başga emläkleri üçin öri meýdanlaryny beripdi.
5
Şeýlelikde, ysraýyllar ýerleri Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip paýlaşdylar.
6
Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.
7
Rebbiň guly Musa ýeri gizlinlikde gözden geçirmek üçin Kadeşbarneýadan meni iberende, men kyrk ýaşymdadym. Şonda men oňa ýüregimdäki jogaby getiripdim.
8
Emma meniň bilen bile giden doganlarym halkyň ýüregine howsala saldylar, men bolsam diňe Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdim.
9
Şol gün Musa kasam edip: „Aýagyňyň basjak ýerleri seniň we çagalaryňyň hemişelik mülki bolar, sebäbi sen tutuş kalbyň bilen Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdiň“ diýipdi.
10
Şeýlelikde, Öz söz berşi ýaly, Reb meni diri galdyrdy, Rebbiň Musa söz beren döwründen bäri eýýäm kyrk bäş ýyl geçipdir. Şol döwür içinde ysraýyllar çölde sergezdan gezipdiler. Ine, indi men segsen bäş ýaşadym.
11
Bu günki gün hem men Musanyň özümi iberen günündäki ýaly gujurly. Söweşmäge heniz hem gujur-gaýratym ýetjek.
12
Şoňa görä-de, Rebbiň şol günki aýdan bu daglyklaryny maňa ber. Ol ýerde anaklaryň ýaşaýandygyny, galalarynyň uludygyny we olaryň berk saklanýandygyny şol gün özüň hem eşidipdiň. Rebbiň aýdyşy ýaly, men olary kowup çykararyn, Reb meniň bilen bile bolar».
13
Ýeşuwa Ýepunnäniň ogly Kalebe ak pata berdi, oňa mülk ýer hökmünde Hebrony bagyş etdi.
14
Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalebiň Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýürekden sygynandygy üçin, Hebron onuň hemişelik mülki bolup galdy.
15
Hebronyň öňki ady Kirýatarba eken. Arba anaklaryň arasynda iň beýik adam eken. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 15 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24