bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Joshua 19
Joshua 19
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 18
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 20 →
1
Ikinji gezek şimgon tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülki ýahuda tiresiniň mülk ýeriniň içinden düşdi.
2
Şimgon tiresiniň mülk ýerleri şular bolupdyr: Beýerşeba, Şeba, Molada,
3
Hasarşugal, Bala, Esem,
4
Eltolat, Betul, Horma,
5
Ziklag, Beýtmarkabot, Hasarsusa,
6
Beýtlebaot, Şaruhen — obalary bilen bile on üç gala.
7
Aýyn, Rimmon, Eter, Aşan — obalary bilen bile dört gala.
8
Bagalatbegeriň we Negep çölündäki Ramanyň daş-töweregindäki obalar hem şoňa girýärdi. Bularyň bary Şimgon tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýerleridir.
9
Şimgon tiresine mülk ýer ýahudalaryň paýyndan bölünip berildi. Ýahudalaryň ýer paýlarynyň özlerinden artykdygy sebäpli, şimgon tiresi mülk ýerini olaryň paýyndan aldy.
10
Üçünji gezek zebulun tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülk ýeriniň araçägi Saryda çenli uzalýar.
11
Araçäk günorta Margala çenli gidip, Dabbeşede baryp ýetýär we Ýoknegamyň gündogar akymyna gelýär.
12
Soň Saryddan yzyna gaýdyp, günüň dogýan tarapyna Kislot-tabora gelýär. Ol ýerden Daberada gelip, Ýapyýa tarap ýokary çykýar.
13
Ol ýerden gündogara Gathepere we Etkazyna tarap geçýär, soňra Rimmona tarap dowam edip, Nega tarap öwrülýär.
14
Demirgazyk araçäk Hannatona tarap aýlanyp, Ýyptahel jülgesinde gutarýar.
15
Katat, Nahalal, Şimron, Ýydala, Beýtullaham — obalary bilen bile on iki gala.
16
Ine, bular Zebulun tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýeri, olaryň galalary we obalarydyr.
17
Dördünji gezek ysakar tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
18
Olaryň ýerine şular degişlidir: Ýizregel, Kesullot, Şunem,
19
Haparaýym, Şiýon, Anaharat,
20
Rabyt, Kişýon, Ebes,
21
Remet, Eýngannym, Eýnhadda, Beýtpazzes.
22
Araçäk Tabora, Şahasuma, Beýtşemeşe ýanaşyp, Iordanda gutarýar — obalary bilen bile alty gala.
23
Ine, bular Ysakar tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalarydyr.
24
Bäşinji gezek aşer tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
25
Olaryň araçägi Helkat, Haly, Beten, Akşap,
26
Alammelek, Amat, Mişal; günbatar Karmel dagyna çenli we Şihorlybnat galasyna çenli baryp ýetýär.
27
Soňra araçäk yzyna gündogara Beýtdagona tarap aýlanyp, Zebuluna, Ýyptahel jülgesine, demirgazykda Beýtemege we Negiýele barýar. Soňra ol demirgazykda Kabula,
28
Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär.
29
[29-30] Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr.
31
Aşer tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalary, ine, şulardan ybaratdyr.
32
Altynjy gezek naftaly tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
33
Olaryň araçägi Helepden, Saganannymdaky dub tokaýlaryndan, Adamynekepden we Ýabneýelden Lakkuma çenli gelip, ol Iordanda gutarýar.
34
Serhet günbatara Aznottabora öwrülip, soň Hukoga barýar, günorta tarapdan Zebuluna, günbatar tarapdan bolsa Aşere we gündogar tarapdan Iordanyň ýakasynda bolan Ýahuda ýanaşýar.
35
Olara degişli bolan berk galalar şulardyr: Sidim, Ser, Hammat, Rakat, Kinneret,
36
Adama, Rama, Hasor,
37
Kedeş, Edreý, Eýnhasor,
38
Ýyron, Migdalel, Horem, Beýtanat we Beýtşemeş — obalary bilen bile on dokuz gala.
39
Bu bolsa naftaly tiresiniň uruglaryna görä düşen mülk ýerleri, galalary we obalarydyr.
40
Ýedinji gezek dan tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
41
Olaryň paýyna düşen mülk ýerler şulardan ybarat: Sorga, Eştawol, Irşemeş,
42
Şagalbyn, Aýalon, Ýytla,
43
Eýlon, Timna, Ekron,
44
Elteke, Gibeton, Bagalat,
45
Ýehut, Beneýberak, Gatrimmon,
46
Meýýarkon we Ýafonyň garşysyndaky ýerler bilen Rakon.
47
Emma dan tiresine öz ýerlerini eýelemek agyr düşdi, olar Leşeme garşy söweşe çykyp, ony basyp aldylar. Olary gylyçlap öldürip, ýerlerini özlerine mülk edip aldylar we ol ýerde ýerleşdiler. Olar Leşeme Dan diýip, atalary Danyň adyny goýdular.
48
Ine, bu bolsa dan tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr.
49
Mülk ýerleri araçäkläp bölüp gutaranlaryndan soň, ysraýyllar öz aralaryndan Nunuň ogly Ýeşuwa mülk paý berdiler.
50
Olar oňa Rebbiň buýrugy boýunça Efraýym daglygyndaky Timnatserah galasyny berdiler. Bu galany onuň özi sorapdy. Ýeşuwa bu galany täzeden gurup, ol ýerde ornaşdy.
51
Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini tamamladylar.
← Chapter 18
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 20 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24