bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Luke 19
Luke 19
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 18
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 20 →
1
Isa Ýerihonyň içinden geçip barýardy.
2
Ol ýerde Zakkaý atly bir baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy.
3
Zakkaý Isanyň kimdigini görmek isledi, emma onuň boýy gysga bolansoň, mähelleden ýaňa Ony görüp bilmedi.
4
Şeýlelikde, Ony görjek bolup, öňe ylgap, bir injir agajynyň üstüne çykdy, sebäbi Isa şol ýoldan gelýärdi.
5
Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş. Bu gün Men seniň öýüňde galmaly» diýdi.
6
Ol hem dessine aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi.
7
Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady.
8
Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.
9
Isa oňa: «Bu gün bu öý halas boldy, sebäbi bu adam hem Ybraýymyň hakyky neslidir.
10
Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.
11
Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy.
12
Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar.
13
Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul berýär.
14
Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.
15
Emma muňa garamazdan, ol ygtyýarlyk alyp, yzyna dolanýar. Soňra ol pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, kimiň näme gazananyny bilmek isleýär.
16
Birinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň on horjun pul gazandy“ diýýär.
17
Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin on şähere häkim bol“ diýýär.
18
Ikinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň bäş horjun pul gazandy“ diýýär.
19
Hojaýyny oňa hem: „Sen hem bäş şähere häkim bol“ diýýär.
20
Onsoň üçünji hyzmatkäri gelip: „Hojaýyn! Ine, seniň bir horjun puluň, men ony bir uly ýaglyga düwüp sakladym.
21
Men senden gorkdum, sebäbi sen gaty özdiýenli adam. Sen goýmadyk ýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“ diýýär.
22
Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?
23
Onda näme üçin pulumy işletmäge bermediň? Men gelenimde, ony peýdasy bilen alardym“ diýýär.
24
Onsoň hojaýyn ol ýerde duranlara: „Onuň elinden puly alyň-da, on horjunla beriň“ diýýär.
25
Olar oňa: „Hojaýyn, onuň özünde öňem on horjun pul bar ahyry!“ diýýärler.
26
Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.
27
Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».
28
Isa bulary aýdyp bolansoň, ýoluny dowam etdirip, Iýerusalime tarap ugrady.
29
Ol Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap, olara:
30
«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň.
31
Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“ diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek“ diýiň» diýdi.
32
Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar.
33
Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar.
34
Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler.
35
Taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar-da, Isany oňa mündürdiler.
36
Ol gidip barýarka, adamlar donlaryny ýola düşeýärdiler.
37
Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.
38
Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan- şöhrat bolsun!» diýýärdiler.
39
Mähelläniň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňiň agzyny ýumdur!» diýdiler.
40
Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.
41
Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.
42
Ol şeýle diýdi: «Wah, käşgä sen bu gün özüňe nämäniň parahatlyk getirjekdigini bilsediň! Emma bu entek seniň gözleriňden gizlin.
43
Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar.
44
Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».
45
Onsoň Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady.
46
Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi bolar“ diýip ýazylgydyr, emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi.
47
Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.
48
Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.
← Chapter 18
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 20 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24