bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Luke 21
Luke 21
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 22 →
1
Isa gabagyny galdyryp seredende, baýlaryň ybadathananyň sadaka gutusyna öz sadakalaryny atyp duranyny gördi.
2
Ol bir garyp dul aýalyň hem guta iki şaý atanyny gördi.
3
Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal hemmelerden köp atdy.
4
Bu adamlaryň hemmesi sadaka gutusyna özlerinden artany atdylar, bu aýal bolsa garyplygyna garamazdan, bar-ýoguny, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.
5
Şägirtlerden käbiri ybadathananyň ajaýyp daşlar we Hudaýa bagyş edilen peşgeşler bilen bezelendigi barada söz açdy. Şonda Isa:
6
«Şeýle bir günler geler, şonda bu ýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdan hiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi.
7
Olar Isadan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda nähili alamat peýda bolar?» diýip soradylar.
8
Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men — Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.
9
Uruşlar hem gozgalaňlar barada habarlar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, emma entek soňy däldir» diýip jogap berdi.
10
Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar.
11
Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.
12
Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.
13
Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar.
14
Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň.
15
Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.
16
Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.
17
Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener.
18
Emma saçyňyzyň bir tary hem kemelmez.
19
Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz.
20
Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.
21
Şonda Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin.
22
Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.
23
Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! Sebäbi ýurda äpet bela-beterler iner, bu halk gazaba duçar bolar.
24
Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.
25
Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.
26
Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän betbagtçylyklara garaşmakdan ýaňa huşlaryny ýitirer, sebäbi asman jisimleri lerzana geler.
27
Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.
28
Bu zatlar amala aşyp başlanda, başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».
29
Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň.
30
Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz.
31
Şonuň ýaly hem, bu wakalaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygyny biliň.
32
Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
33
Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
34
Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.
35
Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner.
36
Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».
37
Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi.
38
Ir säher bilen ähli halk Onuň gürrüňlerini diňlemek üçin ybadathana gelerdi.
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 22 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24