bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Luke 23
Luke 23
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 22
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 24 →
1
Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, Isany Pilatyň ýanyna getirdiler.
2
Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».
3
Pilat Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.
4
Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi.
5
Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.
6
Muny eşidip, Pilat: «Bu adam jelilelimi?» diýip sorady.
7
Isanyň Hirodyň welaýatyndandygyny bilensoň, Pilat Ony Hirodyň ýanyna iberdi, sebäbi şol wagt Hirodyň özi hem Iýerusalimdedi.
8
Hirod Isany görüp gaty begendi, sebäbi köp wagtdan bäri Ony görmek isleýärdi. Ol baradaky eşiden ençeme zatlaryna görä, Ondan bir gudratly alamat görerin diýen umydy bardy.
9
Hirod Ondan köp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.
10
Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary bolsa ol ýerde durup, Ony biragyzdan aýyplaýardylar.
11
Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.
12
Şol gün Pilat bilen Hirod dost boldy; mundan öň olaryň arasynda duşmançylyk bardy.
13
Pilat ýolbaşçy ruhanylary, baştutanlary we halky üýşürip,
14
olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady.
15
Ony Hirodyň ýanyna iberdim, ol hem hiç günä tapman, Ony yzyna iberdi. Siziň görşüňiz ýaly, Ol ölüme laýyk hiç zat etmändir.
16
[16-17] Şonuň üçin hem, men Onuň temmisini berip, boşatjak» diýdi.
18
Emma ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy.
19
Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy.
20
Pilat Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi.
21
Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.
22
Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.
23
Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy.
24
Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi.
25
Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.
26
Esgerler Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndan gelýän kirineýli Simuny tutup, arkasyna haçy ýüklediler we Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler.
27
Uly bir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasynda Onuň üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy.
28
Isa ol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň.
29
Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler.
30
Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler.
31
Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?»
32
Isa bilen başga iki jenaýatçyny hem jezalandyrmak üçin alyp barýardylar.
33
Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.
34
Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.
35
Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler.
36
Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:
37
«Ýahudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.
38
Onuň depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy.
39
Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «Sen Mesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!» diýdi.
40
Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «Sen Hudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezany çekýärsiň!
41
Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.
42
Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi.
43
Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.
44
[44-45] Wagt günortana golaýlanda, Günüň ýüzi tutuldy, öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. Ybadathananyň perdesi ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.
46
Isa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi.
47
Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.
48
Bu zatlara tomaşa etmek üçin üýşen ähli halk bolan wakalary görüp, döşlerini ýumruklaý-ýumruklaý yzlaryna gaýtdy.
49
Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.
50
Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Ol oňat hem dogruçyl adamdy.
51
Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy.
52
Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi.
53
Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we henize çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady.
54
Bu iş Taýýarlyk gününiň ahyrynda bolup, Sabat gününiň başlanmagyna golaýdy.
55
Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.
56
Onsoň olar öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly tütetgiler we atyrlar taýýarladylar. Emma Hudaýyň buýrugy boýunça Sabat güni olar dynç aldylar.
← Chapter 22
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 24 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24