bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Luke 20
Luke 20
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 21 →
1
Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.
2
Olar Isa: «Hany, bize aýt, Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler.
3
Isa hem: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa aýdyň,
4
Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýip sorady.
5
Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer.
6
Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar».
7
Ahyry olar: «Biz niredendigini bilemzok» diýip jogap berdiler.
8
Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
9
Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär.
10
Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär. Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler.
11
Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, kärendeçiler ony-da ýenjip, masgara edip, boş kowup goýberýärler.
12
Ol üçünji hyzmatkärini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, kowup goýberýärler.
13
Onsoň üzümçiligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söwer oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar“ öýdýär.
14
Kärendeçiler bolsa ony görenlerinden, özara maslahatlaşyp: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler.
15
Şeýlelikde, ony üzümçilikden çykaryp öldürýärler. Indi üzümçiligiň eýesi bulara näme eder?
16
Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.
17
Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binýadyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme?
18
Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi.
19
Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.
20
Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy.
21
Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.
22
Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar.
23
Isa olaryň hilesine düşünip:
24
«Maňa salgyt puluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki? » diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler.
25
Ol: «Onda imperatoryňkyny — imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.
26
Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, seslerini çykarmadylar.
27
Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdi:
28
«Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr.
29
Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, perzent görmän dünýäden ötdi.
30
Ikinjisi bilen
31
üçünjisi hem şol aýaly aldy. Şeýdip, ýedisi hem şol aýala öýlenip, yzlarynda perzent galdyrman öldüler.
32
Ahyrsoňy aýal hem öldi.
33
Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn».
34
Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, durmuşa çykýandyr.
35
Emma geljek döwre we ölümden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de durmuşa çykar.
36
Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir.
37
Musa-da ölüleriň direlýändigini tassyklap, ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip atlandyrýar.
38
Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, sebäbi Onuň üçin hemmeler diridir».
39
Töwrat mugallymlaryň käbiri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdi.
40
Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
41
Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?
42
Ine, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „ Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
43
Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur“.
44
Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» diýdi.
45
Bütin halk Oňa gulak asyp otyrka, Isa şägirtlerine:
46
«Töwrat mugallymlaryndan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini, sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar.
47
Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 21 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24