bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Matthew 1
Matthew 1
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 2 →
1
Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:
2
Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi.
3
Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy.
4
Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy.
5
Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy.
6
Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady.
7
Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa,
8
Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýoram, Ýoramdan Uzyýa doguldy.
9
Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa,
10
Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.
11
Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy.
12
Ýekonýa Babyl sürgüninden soňra doglan Şeýaltyýeliň atasydy. Şeýaltyýelden Zerubabyl,
13
Zerubabyldan Abyhut, Abyhutdan Eliýakym, Eliýakymdan Azor,
14
Azordan Sadok, Sadokdan Akym, Akymdan Elihut,
15
Elihutdan Elgazar, Elgazardan Mattan, Mattandan Ýakup doguldy.
16
Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih diýip atlandyrylan Isa doguldy.
17
Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.
18
Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.
19
Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi.
20
Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.
21
Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.
22
[22-23] Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at « Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.
24
Ýusup ukudan oýanansoň, Rebbiň perişdesiniň buýrugyny ýerine ýetirip, Merýeme öýlendi.
25
Emma Merýem ogluny dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28