bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Matthew 7
Matthew 7
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 8 →
1
[1-2] «Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.
3
Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?
4
Nädip sen öz gözüňde agaç barka, doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek?
5
Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň.
6
Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.
7
Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
8
Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
9
Siziň haýsy biriňiz ogluňyz çörek dilände, oňa daş berer?
10
Ýa-da balyk dilände, ýylan berer?
11
Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?
12
Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.
13
Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür.
14
Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr.
15
Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.
16
Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy?
17
Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir.
18
Oňat agaç erbet miwe, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez.
19
Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.
20
Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
21
Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer.
22
Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler.
23
Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn.
24
Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär.
25
Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy.
26
Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr.
27
Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy. Öý ýykylyp, bütinleý wes-weýran boldy».
28
Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy,
29
sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 8 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28