bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Matthew 10
Matthew 10
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 11 →
1
Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara arwah-jynlary kowmaga, her hili kesellere we dertlere şypa bermäge ygtyýar berdi.
2
[2-4] Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
5
Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň.
6
Muňa derek azaşan goýunlara meňzeýän ysraýyl halkynyň arasyna baryň.
7
Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.
8
Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.
9
Guşagyňyzda altyn, kümüş, mis, hiç bir pul bolmasyn.
10
Ýol üçin ýanyňyza torba-da, artykmaç eşik-de, çaryk-da, hasa-da almaň, çünki işçi öz nesibesine mynasypdyr.
11
Haýsy şähere ýa-da oba barsaňyz, ol ýerde özüňize mynasyp adamy gözläp tapyp, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň.
12
Öýe gireniňizde, öýdäkilere sag-salamatlyk diläp, salam beriň.
13
Öýdäkiler muňa mynasyp bolsalar, dilän salamatlygyňyz olaryň üstüne iner, emma mynasyp bolmasalar, bu özüňize öwrülip geler.
14
Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň.
15
Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.
16
Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.
17
Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler.
18
Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.
19
Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler.
20
Şonda siziň özüňiz däl-de, siz arkaly Ataňyzyň Ruhy geplär.
21
Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.
22
Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
23
Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.
24
Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir.
25
Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!
26
Şonuň üçin hiç kimden gorkmaň. Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur.
27
Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza pyşyrdanymy üçekden yglan ediň.
28
Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.
29
Iki serçe bir teňňä satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir.
30
Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr.
31
Şunlukda, gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz.
32
Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.
33
Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ret ederin.
34
Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim.
35
Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim.
36
Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar.
37
Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.
38
Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir.
39
Janyny aýan ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar.
40
Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ibereni kabul eder.
41
Kim birini pygamberdigi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar.
42
Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 11 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28