bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Matthew 17
Matthew 17
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 18 →
1
Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy.
2
Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.
3
Birdenkä olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdylar.
4
Petrus Isa: «Agam! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, isleseň, bu ýerde üç çadyr dikeýin: biri — Saňa, biri — Musa, biri — Ylýasa» diýdi.
5
Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
6
Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.
7
Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi.
8
Olar başyny galdyryp seredenlerinde, Isadan başga hiç kimi görmediler.
9
Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: « Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.
10
Şägirtleri Ondan: «Onda näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
11
Isa olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli.
12
Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi, emma ony tanaman, oňa islän zatlaryny etdiler. Ynsan Ogly-da edil şonuň ýaly, olaryň elinden jebir çeker» diýip jogap berdi.
13
Şonda şägirtler Onuň özlerine çümdüriji Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler.
14
Olar mähelläniň ýanyna ýetip barýarkalar, bir adam Isanyň ýanyna gelip, Onuň öňünde dyza çökdi.
15
Ol: «Agam, ogluma rehim et! Onuň tutgaý keseli bar, örän ejir çekýär. Ol ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar.
16
Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, emma olar sagaldyp bilmediler» diýdi.
17
Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.
18
Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy.
19
Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.
20
[20-21] Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.
22
Bir gün Jelilede üýşenlerinde, Isa olara: «Ynsan Ogly adamlaryň eline tabşyrylar.
23
Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar.
24
Isa bilen şägirtler Kapernauma gelenlerinden soň, ybadathana salgydyny ýygnaýanlar Petrusyň ýanyna gelip: «Siziň Mugallymyňyz ybadathana salgydyny tölänokmy?» diýip soradylar.
25
Petrus: «Töleýär» diýdi. Petrus öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrükdir salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerden?» diýip sorady.
26
Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa: «Onda ogullar erkindir.
27
Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.
← Chapter 16
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 18 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28