bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Matthew 28
Matthew 28
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
1
Sabat güni geçenden soň, hepdäniň birinji güni ir säher bilen magdalaly Merýem we beýleki Merýem mazary görmäge gitdiler.
2
Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy.
3
Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.
4
Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar.
5
Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.
6
Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň.
7
Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „ Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi.
8
Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler.
9
Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde etdiler.
10
Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.
11
Aýallar heniz ýoldakalar, sakçylaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary ýolbaşçy ruhanylara habar berdiler.
12
Olar ýaşulular bilen ýygnanyşyp, maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip:
13
«Siz halka: „Biz gije ýatyrkak, şägirtleri gelip, Onuň jesedini ogurlap gidipdirler“ diýiň.
14
Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler.
15
Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip gelýär.
16
Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi.
17
Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi.
18
Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.
19
Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.
20
Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28