bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Song of Solomon 1
Song of Solomon 1
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 2 →
1
Süleýmanyň nagmalar nagmasy. Gyz: [1] Dodaklary bilen, goý, meni öpsün! Çünki şerapdan datlydyr söýgiň!
2
Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni.
3
Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Gyzyň boýdaşlary: Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşgyňy. Gyz: Sen olaryň söýgisine mynasyp!
4
Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.
5
Garaýagyzlygyma bakmaň, gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.
6
Eý, köňlümiň aşygy, aýtsana maňa, Nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn? Ýigit:
7
Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.
8
Faraonyň söweş arabasyna goşulan baýtala meňzedýän seni, eý, meniň magşugym!
9
Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!
10
Kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasarys saňa. Gyz:
11
Şazadam suprasynda otyrka, nard atyrym hoşboý ysyny saçdy.
12
Aşygym meniň üçin göwüslerimiň arasynda ýatýan mür bogdajygydyr.
13
Aşygym meniň üçin Eýngedi üzüm baglaryndaky hyna gülleriniň çogdamydyr. Ýigit:
14
Sen neneňsi gözel, Söýgüli dildarym, meniň! Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim! Gyz:
15
Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.
16
Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8