bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Song of Solomon 2
Song of Solomon 2
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 3 →
1
Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin. Ýigit:
2
Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde. Gyz:
3
Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
4
Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda.
5
Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.
6
Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen.
7
Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!
8
Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.
9
Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.
10
Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli.
11
Gyş ötdi, ýagyş-da diňdi.
12
Ýerde güller açylyp, nagma pursady geldi. Ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär.
13
Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli». Ýigit:
14
Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr. Gyz:
15
Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.
16
Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
17
Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 3 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8