bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Song of Solomon 4
Song of Solomon 4
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 5 →
1
Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.
2
Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.
3
Gyrmyzy sapak deý dodaklaryň, agzyň-da ne ajaýyp. Bürençekde gizlenen ýaňaklaryň enara meňzeýär.
4
Dawudyň gorhana diňidir boýnuň, müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan.
5
Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
6
Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, mür dagyna, ýakymly ysly tütetgi baýryna giderin.
7
Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
8
Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.
9
Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň.
10
Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!
11
Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý.
12
Eý, ezizim, gelinligim, sen bir gapysy ýapyk bagsyň, agzy ýapyk guýusyň, möhürlenen çeşmesiň.
13
Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen,
14
atyrdyr zagpyran bilen, ysly gamyşdyr dalçyn bilen, dürli ýakymly ysly agaçlar bilen, hoşboý mürdür ahalot bilen, dürli hoşboý ysly zatlar bilen.
15
Sen bag çeşmesisiň, şypaly suw guýusysyň, Liwanyň akar suwusyň. Gyz:
16
Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 5 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8