bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Song of Solomon 8
Song of Solomon 8
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
1
Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa! Daşarda duşanymda, öperdim seni, hiç kim meni ýazgarmazdy.
2
Öňüňe düşüp, enemiň öýüne getirerdim seni, öwüt bererdiň sen maňa. Hoşboý ysly şerapdan, enarlarymyň suwundan içirerdim saňa.
3
Sol eli kellämiň astynda, Gujaklaýar meni sag eli bilen.
4
Eý, Iýerusalim gyzlary, size ýalbarýaryn: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Gyzyň boýdaşlary:
5
Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Gyz: Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.
6
Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.
7
Yşky ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar ony gark edip biler. Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de, ol ýigrenç bilen ret edilerdi. Gyzyň boýdaşlary:
8
Kiçi uýam bar, mämeleri heniz tözlenmedik, uýamyza söz aýdylan güni onuň üçin näme ederis?
9
Diwar bolan bolsady ol, üstünde kümüş diňler gurardyk, gapy bolan bolsady, ony kedr agajyna gaplardyk. Gyz:
10
Men bir diwar, göwüslerim-de diňler deý. Şoňa görä ýarymyň gözüne kämil görünýän men.
11
Süleýmanyň Bagalhamonda üzüm bagy bardy, ony sakçylara tabşyrdy ol; hersi hasyl üçin müň kümüş teňňe bermelidi.
12
Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir; eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun, iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun! Ýigit:
13
Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin. Gyz:
14
Ylga, eý, ýarym! Bark urýan daglaryň üstünde jeren deý, keýik owlagy deý bolgun.
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8