bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Song of Solomon 6
Song of Solomon 6
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 7 →
1
Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli? Haýsy ýana ýöneldi ol? Ony yzlaly seniň bilen. Gyz:
2
Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.
3
Ýarym meniňki, men onuňky; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol. Ýigit:
4
Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli.
5
Gözleriňi menden sow, men olara bendi! Gilgat dagyndan inip gelýän geçi sürüsine ogşaýar saçyň.
6
Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.
7
Bürençekde gizlenen ýaňaklar enara meňzeýär.
8
Şanyň altmyş aýaly bar hem segsen gyrnagy, gyzlar-da san-sajaksyzdyr.
9
Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler.
10
Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?
11
Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim.
12
Bilmän galdym, isleg-hyjuwym meni nädip şanly halkymyň söweş arabalaryna mündürdi.
← Chapter 5
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 7 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8