bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Song of Solomon 7
Song of Solomon 7
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 8 →
1
Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan. Ýigit: Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý, şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?
2
Ne gözel çarykly aýaklaryň, eý, asylzada gyzy! Butlaryň ökde zergäriň elinden çykan göwher mysaly.
3
Garyşyk şeraply hiç egsilmez şa käse mysalydyr göbegiň. Garnyň çigildemlere guşanan bugdaý topbagyna meňzeýär.
4
Ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
5
Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý, gözleriň Batrabbim derwezesiniň ýanyndaky Heşbon howuzlary deý. Burnuň Damaska bakyp duran Liwan diňi deý.
6
Başyň Karmel dagy deý dik bolup, zülpleriň benewşedir, şa olara bendi boldy.
7
Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý, eý, mylakatly dildarym!
8
Boýuň serwi agajyna, göwüsleriň üzüm salkymlaryna meňzeýär.
9
Serwi agajyna çykyp, şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim. Göwüsleriň üzüm salkymlary deý, demiň almalar deý hoşboý,
10
Dodaklaryň saýlama şerap deý lezzet eçilsin. Gyz: Şerap ýarym üçin aksyn, uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.
11
Men ýarymyňky, ol maňa maýyl.
12
Eý, ýarym, giň sähra çykaly, gel; gel, oba gijelerine seýil edeli.
13
Ir säher üzüm baglaryna gideli, göreli, gunçalapmy, gülläpmi üzüm, hem-de nar. Şol ýerde yşkymy bagyş ederin saňa.
14
Mandragoralaryň ysy bark urýar, gapymyzda täze hem guradylan dürli saýlama miweler bar, olary seň üçin sakladym, eý, ýarym.
← Chapter 6
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 8 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8