bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Exodus 13
Exodus 13
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 14 →
1
[1-2] Soňra Reb Musa: «Ilkinji doglan ähli erkek göbeklileri Maňa bagyş ediň. Ysraýyllaryň göwresinden ilkinji dünýä inen her bir ogul, şeýle hem, olaryň mallarynyň hem ilkinji erkek guzlany Meniňkidir» diýdi.
3
Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.
4
Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz.
5
Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.
6
Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz.
7
Şol ýedi günüň dowamynda diňe petir iýiň. Siziň ýaşaýan ähli ýerleriňizde ýekeje-de hamyrmaýaly bişirilen çörek bolmasyn.
8
Ýedilenji gün bolsa ogluňa: „Men bulary Müsürden çykanymda Rebbiň maňa edenleriniň hatyrasy üçin şeýle edýärin“ diýip gürrüň ber.
9
Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.
10
Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».
11
«Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlaryň ýerine getirip, ony size berende,
12
siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir.
13
Her bir eşegiňiziň kürrelän kürresini guzyňyz bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger yzyna satyn almasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Çagalaryňyzyň arasynda her bir nowbahar ogluňyzy yzyna satyn alyň.
14
Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.
15
Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“.
16
Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».
17
Faraon halky goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän ýakyn ýol bilen alyp gitmedi. Çünki Hudaý bu halk ýolda urşa duçar bolaýsa, puşman edip, yzyna Müsüre dolanar öýtdi.
18
Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňze gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar.
19
Musa Ýusubyň süňklerini özi bilen aldy, sebäbi Ýusup ysraýyllara: «Hudaý size nazar salar, şonda siz bu ýerden meniň süňklerimi hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň» diýip, olara ant içiripdi.
20
Ysraýyllar Sukotdan çykyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler.
21
Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.
22
Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy.
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 14 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40