bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Exodus 9
Exodus 9
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 8
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 10 →
1
Soňra Reb Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’.
2
Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň,
3
onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzy: atlaryňyzy, eşekleriňizi, düýeleriňizi we dowarlardyr sürüleriňizi gyrgyna berer.
4
Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi.
5
Şeýle hem Reb bu işi Müsürde ertir etjekdigini aýdyp, onuň wagtyny mälim etdi.
6
Ertesi gün Reb bu işi etdi: müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi.
7
Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.
8
Soňra Reb Musa bilen Haruna: «Küreden goşawujyňyzy dolduryp kül alyň. Goý, Musa ony faraonyň öňünde göge seçsin.
9
Ol kül tutuş Müsürde tozana öwrüler. Tozan bolsa adamlaryň we haýwanlaryň bedenine siňip, olarda açyk iriňli çybanlar emele getirer» diýdi.
10
Şeýlelikde, Musa bilen Harun küreden kül alyp, faraonyň öňünde durdular. Musa küli howa seçdi weli, adamlarda we haýwanlarda açyk iriňli çybanlar emele geldi.
11
Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi.
12
Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.
13
Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
14
Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.
15
Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim.
16
Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.
17
Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.
18
Ine, ertir şu wagtlar Men Müsüriň taryhynda asla görlüp-eşidilmedik güýçli doly ýagdyrjakdyryn.
19
Şonuň üçin hem häziriň özünde adam ýollap, meýdandaky bar bolan mal-garalaryňyzy we ähli zadyňyzy ýygnap, howpsuz ýere getiriň. Sebäbi öýüne getirilmän, meýdanda galan her bir adamyň we malyň üstünden güýçli doly ýagyp, olar öler’“».
20
Faraonyň emeldarlarynyň arasynda Rebbiň sözünden gorkýanlary meýdandaky gullaryny we mallaryny derrew içeri ýygnadylar.
21
Emma Rebbiň sözüni piňine almaýanlar özleriniň gullaryny we mallaryny meýdanda galdyrdylar.
22
Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we gögerip oturan ähli ösümlikleriň üstünden doly iner» diýdi.
23
Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy.
24
Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy.
25
Doly tutuş Müsüriň meýdanlaryndaky ähli zatlary: adamlary we mallary weýran etdi, ol her bir ekin meýdanyny sandan çykardy. Şeýle hem, meýdandaky hemme agaçlaryny syndyrdy.
26
Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.
27
Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.
28
Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.
29
Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň.
30
Emma seniň we emeldarlaryňyň entek hem Hudaýymyz Rebden gorkmaýandyklaryny men bilýärin» diýdi.
31
(Zygyr we arpa weýran boldy. Arpa gulak çykaryp otyrdy, zygyr bolsa pyntyklapdy.
32
Emma bugdaýa we ýazlyk bugdaýa zeper ýetmändi, sebäbi olar gijräk gögerýärdi.)
33
Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.
34
Ýöne faraon ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Faraon we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler.
35
Şeýdip, faraon öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi.
← Chapter 8
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 10 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40