bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Exodus 15
Exodus 15
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 16 →
1
Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.
2
Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.
3
Reb esgerdir. Onuň ady Rebdir.
4
Faraonyň söweş arabalaryny ähli goşuny bilen deňze zyňdy. Saýlama urşujylary-da Gyzyl deňizde gark boldy.
5
Olary tolkunlar gaplap, daş kimin çuň düýbe çökdüler.
6
Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.
7
Özüňe garşy çykanlary beýik ýeňşiň bilen çökerýäň. Alawly gazabyňy inderip, olary saman dek ýakýaň.
8
Haýbatly demiňden, suw dik ýokary galdy. Tolkunlar diwar ýaly bolup, çuň deňziň düýbi daş dek gatady.
9
Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.
10
Üflän ötgür demiňden, deňiz olary gaplady. Olar gurşun kimin äpet suwa çökdüler.
11
Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.
12
Sag goluňy uzadanyňda, olary ýer ýuwutdy.
13
Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.
14
Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.
15
Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär.
16
Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar.
17
Sen halkyňy getirip, Öz dagyňda oturdarsyň. Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň. Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň.
18
Reb hemişelik we baky höküm sürer».
19
Faraonyň atlary, söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna gaýtaryp, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler.
20
Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.
21
Merýem olara şu aýdymy aýtdy: «Rebbe nagma aýdyň. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».
22
Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar.
23
Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara diýip atlandyrdylar.
24
Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler.
25
Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady.
26
Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».
27
Soňra olar Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany hurma palmasy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler.
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 16 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40