bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Exodus 22
Exodus 22
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 23 →
1
«Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bermeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly.
2
Eger ogurlanan mal ogrynyň emläginiň içinden diri tapylsa, ol isle öküz bolsun, isle eşek ýa-da goýun bolsun, ogry onuň üçin iki esse tölemelidir.
3
[3-4] Eger ogry gije öý ýarýan pursady tutulsa we urlup öldürilse, ony öldüren adam ganhor hasaplanmaýar. Emma bu gündiz bolup geçse, onda ony öldüren adam ganhor hasaplanýar.
5
Eger bir adamyň maly öz meýdanynda ýa-da üzüm bagynda otlap ýörkä azaşyp, başga biriniň meýdanyndaky zatlaryny iýse, ol oňa ýeten zeleliň öwezini öz meýdanynyň we üzüm bagynyň iň gowy hasyly bilen doldurmaly.
6
Ýandaga düşen ot tutaşyp, desselenip goýlan ýa-da ösüp oturan bugdaý ýa-da ekin meýdany ýansa, onda ýangyny döreden adam ýetirilen zyýany doly tölemelidir.
7
Eger bir adam puly ýa-da harydy goňşusyna saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa, onda ogry tutulan ýagdaýynda, goý, ol ogry iki esse tölesin.
8
Eger ogry tapylmasa, öý eýesi öz goňşusynyň zatlaryna el urandygyny ýa-da urmandygyny mälim etmek üçin, Hudaýyň huzuryna getirilsin.
9
Her bir emläk baradaky jedelde, ol öküz, eşek, goýun bolsun ýa-da geýim-gejim bolsun, her bir ýiten mal-gara ýa-da zat üçin biri: „Bu meniňki“ diýip dawa etse, şeýle ýagdaýda iki tarap hem Hudaýyň öňüne gelsin. Hudaý kimi günäkär hasaplasa, ol öz goňşusyna iki esse jerime tölemeli.
10
Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse,
11
goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl.
12
Emma mal amanady saklamaga alan adamdan ogurlanan bolsa, ol adam mal eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir.
13
Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň maslygy subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl.
14
Eger bir adam goňşusynyň malyny wagtlaýyn sorap alandan soňra ýanynda eýesi ýok wagty ol mal ýaralansa ýa-da ölse, maly sorap alan adam onuň bahasyny doly tölemelidir.
15
Emma eýesi şol wagt malyň ýanynda bolsa, sorap alan kişi oňa hiç zat tölemeli däldir. Eger-de mal kireýine berlen bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezine diňe kireýiň muzdy tölenmelidir».
16
«Eger-de bir adam özüne adagly bolmadyk boý gyzyň başyny aýlap, oňa ýanaşsa, galyň töläp, oňa öýlensin.
17
Emma atasy gyzyny oňa bermäge çürt-kesik garşy bolsa, onda ol adam boý gyz üçin berilýän galyňyň nyrhyny tölemelidir.
18
Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.
19
Kimde-kim haýwanlar bilen ýanaşsa, ol ölüme höküm edilsin.
20
Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, bütinleý ýok edilsin.
21
Gelmişekleriň hukugyny kemsitmäň, olara sütem etmäň. Çünki özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz.
22
Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň.
23
Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin.
24
Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar.
25
Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň.
26
Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber.
27
Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.
28
Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.
29
Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.
30
Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň.
31
Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň».
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 23 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40