bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Exodus 18
Exodus 18
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 17
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 19 →
1
Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi.
2
Ine, Musa aýaly Syporany we iki ogluny yzyna Midýana goýberensoň, olary Musanyň gaýynatasy Ýitro saklaýardy.
3
Onuň bir oglunyň ady Gerşom (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy),
4
beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy).
5
Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna Hudaýyň dagyna geldi.
6
Kimdir biri Musa: «Gaýynataň Ýitro aýalyňy we iki ogluňy alyp, seniň ýanyňa gelýär» diýip habar berdi.
7
Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler.
8
Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.
9
Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi.
10
Ýitro: «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun!
11
Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.
12
Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.
13
Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmäge çykdy. Adamlar ertirden agşama çenli Musanyň töwereginde durdular.
14
Musanyň gaýynatasy onuň adamlar bilen edýän ähli işlerini görende: «Adamlara edýän bu işiň näme boldugy? Näme üçin şunça adamy ýeke özüň kabul edýärsiň, bütin halk ertirden agşama çenli seniň töweregiňde dur» diýdi.
15
Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler.
16
Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň kanunlaryny olara aýan edýärin» diýdi.
17
Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl.
18
Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň.
19
Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir.
20
Sen olara Hudaýyň parzlaryny we taglymatlaryny öwret. Olara haýsy ýoldan ýöremelidigini we näme iş etmelidigini görkez.
21
Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.
22
Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär.
23
Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar».
24
Şeýlelikde, Musa gaýynatasynyň sözüne gulak goýdy. Onuň aýdan ähli zatlaryny ýerine ýetirdi.
25
Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi.
26
Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler.
27
Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy.
← Chapter 17
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 19 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40