bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Exodus 38
Exodus 38
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 39 →
1
Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy.
2
Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp durandy. Besalel olary gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi edip, ony tutuşlygyna bürünje gaplady.
3
Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady.
4
Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasady. Ony gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdirdi.
5
Torly gözenegiň dört burçunyň hersine syryklary saklar ýaly halka ýasady.
6
Ol syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary bürünje gaplady.
7
Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy.
8
Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.
9
Besalel mukaddes çadyryň haýadyny gurdy. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy.
10
Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklaýan ýigrimi dabany bürünçden ýasady, sütünleriniň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi.
11
Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany daban ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady.
12
Haýadyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi.
13
Haýadyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek boldy.
14
Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tutdy. Olaryň hem üç sütüni we üç dabany bardy.
15
Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tutdy, onuň-da üç sütüni we üç dabany bardy.
16
Haýadyň daş-töweregindäki ähli perdeler nepis zygyr matadan edilendi.
17
Sütünler üçin dabanlar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýadyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi.
18
Haýadyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýadyň tutulary ýalydy.
19
Ýapynjanyň bürünçden dört sany sütüni bilen dört sany dabany bardy. Onuň ildirgiçleri, ýokarsynyň örtükleri we halkalary kümüşdendi.
20
Mukaddes çadyryň we onuň haýadynyň ähli gazyklary bürünçdendi.
21
Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.
22
Rebbiň Musa buýran ähli zatlaryny ýahuda tiresinden Huruň ogly, Urynyň agtygy Besalel ýasady.
23
Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergär we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi.
24
Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
25
Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
26
Ilat sanawyna alnan her bir adama, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly adamlardan başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.
27
Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir ýarym batman kümüş ulanyldy.
28
Besalel sütünleriň ildirgiçleri üçin, onuň ýokarky örtükleri we jähekleri üçin bir batman ulandy.
29
Sadaka üçin getirilen bürünjiň möçberi jemi ýüz ýigrimi batman boldy.
30
Mundan ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesi üçin dabanlar ýasady, bürünç gurbanlyk sypasyny we onuň üçin bürünçden gözenek, gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny,
31
şeýle hem, haýadyň ähli sütünlerini, onuň derwezesiniň sütünlerini, mukaddes çadyryň we haýadyň ähli gazyklaryny ýasady.
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 39 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40