bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Exodus 20
Exodus 20
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 21 →
1
Onsoň Hudaý ähli şu sözleri diýdi:
2
«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.
3
Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
4
Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.
5
Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.
6
Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.
7
Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.
8
Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir.
9
Alty günde ähli işleriňi edersiň.
10
Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.
11
Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.
12
Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.
13
Adam öldürme.
14
Zyna etme.
15
Ogurlyk etme.
16
Biriniň garşysyna ýalan şaýatlyk etme.
17
Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».
18
Ähli ysraýyllar gök gürrüldisini, ýyldyrym çakyşyny we surnaýyň sesini eşidip, dagyň bolsa, tüsseleýändigini görüp, gorkudan ýaňa titreşdiler we uzakda durdular.
19
Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne, goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler.
20
Musa adamlara: «Gorkmaň, çünki Hudaý sizi synamak üçin we Ondan gorkup, günä etmezligiňiz üçin geldi» diýdi.
21
Musa Hudaýyň bolýan tüm garaňkylygyna ýakynlaşanda, adamlar uzakda durdular.
22
Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz.
23
Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.
24
Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.
25
Eger siz Maňa gurbanlyk sypasyny daşdan ýasasaňyz, ony ýonulan daşlardan ýasamaň, çünki gural ulansaňyz, siz ony harama çykararsyňyz.
26
Meniň gurbanlyk sypama basgançaklar bilen çykmaň, sebäbi ýalaňaç ýeriňiziň görünmegi mümkin“».
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 21 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40