bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 21
Ezekiel 21
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 22 →
1
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2
«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Iýerusalime tarap öwür-de, mukaddes ýerlere garşy wagyz et, Ysraýyl ýurdy barada pygamberlik edip,
3
oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn.
4
Ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlamak üçin günortadan demirgazyga çenli ähli ynsana garşy gylyjymy gynyndan çykararyn.
5
Şonda tutuş adamzat gylyjyny gynyndan çykaranyň Men-Rebdigimi biler; indi gylyjy gynyna salmaryn“».
6
«Eý, ynsan ogly, ah çek, olaryň gözleriniň alnynda ýüregiňi paralap, ajy gözýaş dök.
7
Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“ diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“ diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
8
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
9
«Eý, ynsan ogly! Pygamberlik et we Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç! Gylyç! ol ýiteldildi, çarhlandy!
10
Bu öldürmek üçin ýiteldildi, ýyldyrym kimin çaksyn diýip çarhlandy. Biz nädip şatlanyp bileris? Oglum, sen taýagy we temmini harladyň ahyryn.
11
Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi; gylyç ganhoryň eline berilsin diýip ýiteldildi, çarhlandy.
12
Eý, ynsan ogly! Perýat et, bagyr! Çünki bu gylyç Meniň halkymyň, ähli Ysraýyl ýolbaşçylarynyň üstünden inýär. Ysraýyl ýolbaşçylary Meniň halkym bilen birlikde gylyçdan geçiriler; munuň üçin döşüňi ýumrukla.
13
Bu bir synagdyr; taýak äsgerilmese, soňy näme bolar?“» Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14
«Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarp. Goý, gylyç iki, hatda üç gezek çapsyn. Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran, olary her ýandan gurşan gylyçdyr.
15
Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy.
16
Eý, gylyç, sagyňa çoz, soluňy çap, ugruň nirä bolsa, şoňa-da git.
17
Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim».
18
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
19
«Eý, ynsan ogly, Babyl patyşasynyň gylyjy geler ýaly, özüňe iki ýol belle, ikisi-de bir ýurtdan çyksyn. Gala barýan ýoluň başynda bir belgi ýasap goý.
20
Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa.
21
Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär.
22
Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.
23
Babyl patyşasyna ant içip, kasam edenleriň nazarynda bu boş pal bolar; emma olar ele salnanda, pal bulara ýazygy ýatladar».
24
Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz jenaýatlaryňyzyň üstüni açmak bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Ähli işleriňizde günäleriňizi görkezmek bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Şonuň üçin zorluk bilen ele düşersiňiz.
25
Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!»
26
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Selläňi aýyr, täjiňi çykar. Indi bu beýle bolmaz. Pes bolan beýgeler, beýik bolan peseler.
27
Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».
28
«Sen bolsa, eý, ynsan ogly, pygamberlik et we masgaralaýjy sözler aýdýan ammonlar barada Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç, gylyç! Öldürmek üçin gyndan çykaryldy, ýuwutsyn we ýyldyrym kimin çaksyn diýip ýiteldilip çarhlandy.
29
Eý, ammon halky, sen hakda görülýän görnüşler biderek, atylýan pallar ýalandyr. Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla, çünki olaryň soňky güni geldi, ahyrky jezasynyň wagty ýetdi.
30
Gylyjy gynyňa sal! Ýaradylan ýeriňde, dogduk mekanyňda Men saňa höküm çykararyn.
31
Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge ussat wagşylaryň eline bererin.
32
Sen oda ýangyç bolarsyň. Ganyň tutuş ýurtda akar, indi sen hiç haçan ýatlanmarsyň; çünki muny Men-Reb aýtdym“».
← Chapter 20
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 22 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48